MENU

02:18
Düşündim
DÜŞÜNDIM

Gan iýdim,
gara geýdim,
arwahlara goşuldym,
gara başym ýerde goýdum
gara körpençe düşendim,
gara köýük bolup üşütdim,
üşedim,
ak bilime gara guşak guşandym,
her ýetenden ýaşyndym,
men baryna düşündim.

Gara gyşda gagşaý-gagşaý
ak günlere zar oldum,
giň sähraň erkin gülüdim,
gara dagda har oldum,
bilbiller halym aňmady,
gargalara ýar oldum,
men baryna düşündim.

Haýym gaçdy,
haraý soraý,
çar tarapa elendim,
okum ýokdy,
ýaýym gerlen
bir mumyýa çenendim,
ogurlanmyş bar hazynam,
gara ýerler sermendim
men baryna düşündim.

Derdim sygmady içime
emma daşa agmady,
göwnüm bir ejizje guşdy,
"Sen - mert!" diýip aldadym,
dideleň ýaşy kepemiş,
bir gözýaşsyz
ýer bagyrtlap agladym...

Düşündim.

© Suraý BABANYÝAZOWA
Просмотров: 137 | Добавил: Medicall | Теги: Suraý Babanyýazowa | Рейтинг: 4.5/4
Всего комментариев: 2
avatar
0
1 sylapberdimuhamov • 20:20, 20.06.2023
Goşgudaky birinji söz gan däl-de gam bolmaly gerek?!
avatar
0
2 sussupessimist • 11:18, 21.02.2024
"Gan" bolubam biler. Özem GARA GAN bolsa gerek.
Gaty pessimistik goşgy, bu ýöne erbet diýdigim däl, dünýä edebiýatynyň has pajarlan klassikasyna seretseňiz, tragediýasy - komediýa eserlerden has kändir. diňe Şekspiri alaňda-da, ilki bilen tragediýalary göz öňüne gelýär: Romeo we Julýetta, Makbet, Hamlet, Otello...
Bir bolgusyzja hindi kinosynda gulagyma bir gowja jümle degipdi: "Şatlygyňy paýlaşsaň - köpelýär, derdiňi paýlaşsaň - egisýär".
Gowy ýazýar Suraý. Eksperimentleri dowam edip, dünýä poeziýasyny okap, özüňi kämilleşdirip, gözlegleri dowam edibermeli.
avatar

uCoz