MENU

02:21
Sen bahara salam aýt!
SEN BAHARA SALAM AÝT!

Sen bahara salam aýt
hem aýt oňa garaşýanmy,
lellim bedenime dözümli darap,
lälik aklym bilen göreşýänimi...

bir geläýse bolýar älemgoşarnyň
üstünde çar ýana at saljagymy,
otly ýyldyrymyn gören badyma
öz-özüm ot aljagymy...

Güneş bilen der döküşip,
Aý jemaly bilen "gybat kakjagmy",
torbamy kömelekden,
gülden dolduryp gapjygmy
allowarralara gitjegmi,
özümi zordan bir daga atjagmy,
aýtgyn hökman!

Çyrlaklar bilen deň çyrlap,
gurbagalar bilen warryklajagmy,
Asman deý gözlerin ýoluma dikip,
Kakamyň şähere ugratmajagny
aýt oňa!

Hem aýt oňa gorkakdygymy,
tentekdigimi,
ýöne ýeri gelende
käbir erkeklerden erkekdigimi
aýt, bilsin!

"Suraýyň süňňi agarypdyr" diý,
"hazan urmuş söýgüden
başy aýlanyp, essi aýylypdyr" diý,
şonuň üçin
"Gelenok" diýp göwün edibem ýörmesin!

Sen bahara salam aýt!

© Suraý BABANYÝAZOWA
Просмотров: 112 | Добавил: Medicall | Теги: Suraý Babanyýazowa | Рейтинг: 5.0/4
Всего комментариев: 1
avatar
0
1 sussupessimist • 11:25, 21.02.2024
Az adam okaýaraý. Surat bilenem bezemeli bu şahyryň postlaryny
avatar

uCoz