MENU

02:08
Gijäňiz rahat bolsun
GIJÄŇIZ RAHAT BOLSUN

Kalbyňyzda umyt bolsun hemişe,
Ukyňyzydan hoş habarlar oýarsyn!
Ýagşa ýoruň her bir görülen düýşem,
Ukyňyzydan hoş habarlar oýarsyn!

Hassasyň-dertlisiň, ýadaw-argynsyň,
Herne, ýagşy pikre jemle bar ünsüň
Arzuw-umytlara ýapyş irginsiz,
Ukyňyzydan hoş habarlar oýarsyn!

Gündiz günüň aladasy sökendir,
Ýa gussa, ýa irizendir sökellik,
Ynjal.
Dynç al, tümlük dünýä çökende,
Ukyňyzydan hoş habarlar oýarsyn!

Dostuň
senden dönen wagty çydagyn,
Dogan saňa düşünmese, çydagyn,
Oraşan düýşlere siňip çydamyň,
Ukyňyzydan hoş habarlar oýarsyn!

Ýazyga ýakynsyň, sebäp adamsyň,
Şatlyk ýetdirýärmi saňa nä gamsyz,
«Yhlas» bilen irkil, irden aýt hamdy,
Ukyňyzydan hoş habarlar oýarsyn!


09.07.2023

© Aşyrmät GARLY
Категория: Goşgular | Просмотров: 93 | Добавил: Medicall | Теги: Aşyrmät Garly | Рейтинг: 3.7/3
Всего комментариев: 2
avatar
0
1 Kyyas • 07:51, 16.07.2023
Ukyňyzydan hoş habarlar oýarsyn!
gowy setir. Ýagşy niýet ýarym döwlet
avatar
0
2 Мango • 22:59, 16.07.2023
Ukyňyzydan hoş habarlar oýarsyn!
“ukyňyzYdan” diýileni “ukyňyzdan” diýildigidir-dä.

Düşünip bilmedim. Kim, ýa-da näme ukydaky hoş habary oýarmaly?

“«Yhlas» bilen irkil, irden aýt hamdy…”
“yhlas” - kulhuallah suresiniň ady bolmaly… şo setir üns çekdi.
Kulhuallah bilen irkil (ýat) we hamd bilen (elhamdulillah) bilen oýan…
Gyzykly.
avatar

uCoz