MENU

12:02
Saña güýzsüñ öýdüpdim
[img][/img]
Men saňa güýzsüň öýdüpdim,
Ýeňi giň köýnegin ykjadyp her ýan,
Köçelerden güýz gatnanda ikiýan.

Men saňa güýzsüň öýdüpdim,
Aýakýalaň ýelleň ýumşak dabany,
Ölçerende ýüregimiň tabyny.

Men saňa güýzsüň öýdüpdim,
Goýalyp başlanda şapaklaň reňki,
Bilemde kän zatlaň däldigin meňki.

Men saňa güýzsüň öýdüpdim,
Sary baglar göge serip gollaryn,
Depesinden aýdym seçse ýollaryň.

Men saňa güýzsüň öýdüpdim,
Ak çabgalar ýuwup belendi-pesi,
Gökden duýulanda durnalaň sesi.

Men saňa güýzsüň öýdüpdim,
Akarlaryň suwy çekilip kem-kem,
Sülgünreňk meýdanlar dünýä bolsa dem.

Men saňa güýzsüň öýdüpdim,
Gyzgylt öýlelere bolunyp aşyk,
Gitse gözýetimler göwünden aşyp.

Men saňa güýzsüň öýdüpdim,
Mydam ezizlige gark bolan gözlem,
Ýatlanda her gezek şol ajap sözleň,
Men saňa güýzsüň öýdüpdim.

© Aknur ROZYÝEWA
Категория: Goşgular | Просмотров: 95 | Добавил: Medicall | Теги: Aknur Rozyýewa | Рейтинг: 5.0/2
Всего комментариев: 2
avatar
0
1 Мango • 16:15, 05.10.2023
bolýan ýalam welin...
"Men saňa güýzsüň öýdüpdim, ...
Köçelerden güýz gatnanda ikiýan" -diýilişi-hä birhili ýaly...
"köçedäki güýzi görüp, oňa güýzdir öýtdim" diýýän ýaly...

käbir zatlary suratlandyryşy welin nejis dä ken...
üstünlik Aknur hanyma.
avatar
0
2 Garlawac • 12:17, 09.10.2023
Kimdir birini güýzdir öýtmek... Güýz kimdir birinden ýürege has ýakyn ýaly teswirlenipdir :)
avatar

uCoz