MENU

13:58
Bolaýyn

BOLAÝYN

Adymda beýandyr perzentlik borjum,
Ata Watan, saňa gurban bolaýyn.
Kalbym buz tutmakdan goraýan gorsuň,
Ýerde waspçyň, gökde durnaň bolaýyn.

Şowlulygym haýru-pataň bilendir,
Aşnalygym asylzadaň bilendir,
Kanagat ber, etmäweri dilengir,
Ähdi-peýmanymda durýan bolaýyn.

Biribar her kese bir ukyp bermiş,
Kimler ylym,
kimler mal bilen werziş,
Daýhan ekin ekse, «hüw» çekse derwüş,
Ymaratyň sözden gurýan bolaýyn.

Döwlet, halk – bir köküň iki daragty,
Şolar jebis bolsa, erteler ýagty,
Bagtyýar döwürde gülleýän bagty
Ilim-günüm bilen görýän bolaýyn.

Ata-babalaryň dogmy ýadymda,
Hüýr gyzlary, gerçek ogly ýadymda,
Sygynýarkam duzuňa her ädimde,
Möhümiňe ganat gerýän bolaýyn.

Gaýry ýerde çekdirmäwer zaryňy,
Topragyň deý düşeneýin garyňy,
Sende tapan hazynamyň baryny
Nesliňe gaýtaryp berýän bolaýyn.

© Gurbanjemal ANNAKOWA
Категория: Goşgular | Просмотров: 83 | Добавил: Medicall | Теги: Gurbanjemal Annakowa | Рейтинг: 5.0/3
Всего комментариев: 0
avatar

uCoz