MENU

07:57
Duşuşyk

Ýedi ýyl öň aýra düşen juwanlar
Ýol boýunda tötänleýin sataşýar.
Salamlaşyp,
aýak çekip durýarlar
(Kalplarda köreýär
sönen ataşlar).

Hersinde – maşgala,
iki-üç çaga...
Çekilipdir ara geçilmez diwar;
Sözleşdikçe olar daşlaşýar barha
(Kalplar bolsa
bir-birege uzaýar).

Ýigit diýýär:
«Bolupdyk biz gögele –
Telbe ýaşlyk
ham-hyýala ymsynýar;
Bagtly indi herimiz
ýanýoldaş bile»
(Kalplar bolsa
bir-birege gysylýar).

Gelin diýýär:
«Mamla eken ulular –
Olar ähli zady bizden öň görýär»
Baş atyp, ýylgyryp,
hoşlaşýar olar
(Kalplar bolsa
hünübirýan möňňürýär).

© Ýaran ÝAGMYR
Категория: Goşgular | Просмотров: 94 | Добавил: Ýaran_Ýagmyr_99 | Теги: Ýaran Ýagmyr | Рейтинг: 5.0/2
Всего комментариев: 2
avatar
0
1 Мango • 11:03, 21.11.2023
ýaran kaka, goşgy adaty. goşgydaky wakaly hekaýalaram kän, goşgularam ýetik ýaly.
avatar
0
2 ShirhanTuvak • 13:20, 21.11.2023
Duýdansyzja ýaşlar akdy gözümden...
avatar

uCoz