MENU

13:00
Şu gün

ŞU GÜN

Aýdylmaly bolsa eger çyn zady,
Görmedim gözlerden başga çuň zady,
Täze ýyl saçagnyň duzundan dadyp,
Arzuwlar ýürekden diýilsin şu gün.

Bagt üçin howluksyn sagadyň dili,
Göwnüň pägi gözel, baharyň güli,
Süýji umyt bilen garşylap ýyly,
Sözüň gudratyna uýulsyn şu gün.

Artsyn rysgal-bereketiň hümmeti,
Saglyk-salamatlyk ömrüň gymmaty,
Ajaýyp günlerde hiç kim dymmasyn,
Gursaklaň ýylysy duýulsyn şu gün.

Bolsun ýüzlerimiz ýüze bakar tap,
Beden bolsa bolsun hortap, tokartap,
Galdyryň badany biraz ýokarrak,
Ylham şerabyndan guýulsyn şu gün.

- Bir-birege myhman barjak – diýilsin,
- Ykbal bagty serpaý berjek – diýilsin.
Syrdam ýigitlere gerçek diýilse,
Gyzlar sadalykda öwülsin şu gün.

Dünýäni yşk ýeňer, menzili äden,
Baky galmak islär eşretin dadan,
Enemiz — How ene, atamyz — Adam,
Ähli ynsan söýüp-söýülsin şu gün.

© Gurbanjemal ANNAKOWA
Категория: Goşgular | Просмотров: 135 | Добавил: Medicall | Теги: Gurbanjemal Annakowa | Рейтинг: 5.0/2
Всего комментариев: 5
avatar
1
1 Seýrаn • 14:36, 31.12.2023
Şu goşga teswir ýazmak bahanasy bilen hemmäňizi gutlaýan! Galamyňyz ýöräp dursun şahyrlar we ýazyjylar we beýlekiler (meniň ýaly)! Düşümli ýyl bolsun!
avatar
1
2 Seýrаn • 14:36, 31.12.2023
"Bal süýji, baldan balyk süýji" diýipdirler.
avatar
0
3 Medicall • 15:25, 31.12.2023


Ähli awtorlary, okyjylary, myhmanlary ýetip gelýan täze ýyl bilen ýürekden gutlaýaryn.
Maşgala abatlygy, dünýañ parahatlygy, ýurt asudalygy bilen geljek ýyllardan ýyllara ýetirsin.

Saglykly, bereketli, haýyrly, şowly ýyllardan bolsun!.

Ol altyn balyk Gurbanjemala-da, size-de saýtdan sowgat
avatar
0
4 garagar • 21:37, 31.12.2023
Täze ýylyňyz bilen, galamdaşlar! Jan-saglygy bilen, pullyja, güllije ýyl bolsun!
avatar
0
5 Мango • 23:37, 02.01.2024
balyk süýji, balykdan aýlyk süýji
aýlyk süýji, aýlykdan baýlyk süýji
baýlyk süýji, baýlykdan saglyk süýji
:-)
avatar

uCoz