MENU

21:08
***

***

Ykbaly kyn, ömri salgym,
Şol ynsan mendim, Muhammet.
Arşa uçubilmän galdym,
Ganatsyz mendim, Muhammet.

Saba-säherleň aýdymyn,
Perişdeleriň aýdanyn
Bilsemem, bilmän aýňalyp
Tagatsyz mendim, Muhammet.

Günä edip, toba kylman,
Gezdim öwüt-ündew alman.
Ahyry geregi bolman,
Nam-atsyz mendim, Muhammet.

Kalbymda – Hak, gözümde nur,
Hakydamda ahyrýet dur.
Tapabilmän iň dogry ugur,
Amatsyz mendim, Muhammet.

Neýläýin, azaşdym ýördüm,
Göwnümiň gözleri kördür.
Barybir täk yşyk gördüm,
Halatsyň, demsiň, Muhammet.

Çagyrdyň...
barmadym, gaçdym,
Huşum uçdy, başym çaşdy.
Barybir maňa ýol açdyň,
Apatsyz mendim, Muhammet.

Umyt ýok, ýaşyl jennetden,
Ýadadym beýdip gezmekden,
Ykbal kyn, ömür minnetdir,
Takatsyz mendim, Muhammet.

9-10.01.2024 ý.

© Gurbanmyrat SARYÝEW
Категория: Goşgular | Просмотров: 110 | Добавил: kysmat | Теги: Gurbanmyrat Saryýew | Рейтинг: 4.4/5
Всего комментариев: 5
avatar
0
1 Lacrymosa • 21:17, 11.01.2024
okadyňyzmyy Sary Gurban sopy nämeler diýip ýatyr?!
avatar
0
2 Мango • 00:53, 12.01.2024
ýyzzyljyklaň ýerine bir atjagaş dakaýmaly ýowsa bulaşýa sewäwi eýýäm iki sany atsyz goşgy goýduň ikisem ýyzzylly.
---
Kalbymda – Hak, gözümde nur,
Hakydamda ahyrýet dur.
Tapabilmän dogry ugur,
Amatsyz mendim, Muhammet.
"iň"-i aýryp gowwerseňem-moljak ýaly
---
gowy ýöne tamamlanmadyk ýaly duýully sewäwi jemlemede güýşşül bir удар ýok (ýaly).
şonnoda bu goşgada bäşýyzzyl.
avatar
2
3 sussupessimist • 09:05, 12.01.2024
diňe jemlemesinde däl, umuman aýdylmadyk täze pikir/obraz ýok, kapyýalar gulagyndan çekilip, sen şu ýerde dur, senem bu ýerde diýlip ýasalan (nam-atsyz mendim, apatsyz mendim), üstesine-de ýene ejizlik (özem eýýäm birinji setirde, iň soňky bentde-de ýene gaýtalanýar: ykbal kyn, ýadadym...). awtor uzak ýaşap, edeni bolmadyk goja bolsa, "wah" diýerdim, ýöne beýleki goşgusynda ejesini-kakasyny-klasdaşlaryny küýseýşinden - ýaşdygyny çaklaýan.
formasy ýene beýleki goşgusynyňky gowudy.
talapkärligim üçin, standartlarymy juda ýokarda goýýanlygym üçin menden kine etmäň, bmşp diýip kabul ediň (bu meniň şahsy pikirim). Gözlegde bol, ýeňiş bilen tamam bolsun gözlegiň!
3/10
avatar
0
4 Medicall • 09:26, 12.01.2024
üç ýyldyzjygynyň ýerine özünden bir at goýdumam dogrulamda, bulam her dogrulanymy özi aýyrdy oturdy, suratlarynam şeýtdi. özi ýagşy biledi diýäýmesek bizem
avatar
0
5 kysmat • 10:40, 12.01.2024
Üns berýäniňiz üçin hoşaldyryn, sagja boluň!
avatar

uCoz