MENU

19:32
Ýürege düşdi
ÝÜREGE DÜŞDI

Bir adam sazanda tabşyrdy oglun:
(Çagalykdan gowy dostdular olar)
- Eger tälim alsa, ýanyñda ýaşap,
Belki, seniñ ýaly sazanda bolar!

Sazanda oglang syndan geçirip,
Diýdi: - Hakykaty aýtsam-a ýakmaz.
Ýöne welin, men aýtmanam biljek däl:
Mundan daýhan çykar,
Sazanda çykmaz.

Saz adam saýlaýar,
Saza baş goşýan
Owalda ýörite doglan bolmaly!
- Özleşdirse gerek, öwredip bilseñ,
Biziñkem-ä erjel oglan bolmaly!

Her näme-de bolsa şägirtlige al,
Oglumy sazanda edesim gelýär.
- Ýüregedüşdiden añyry geçmez!
- Ýüregedüşdini öwrense bolýar!

Oglan gaýdyp geldi köp ýyllardan soñ,
Saz çaldy,
Sazyna il-gün gülüşdi.
Atasy sorady: "Bu niçiksi saz?"
Ogly jogap berdi: "Ýüregedüşdi!"
Категория: Goşgular | Просмотров: 66 | Добавил: Lacrymosa | Рейтинг: 3.0/2
Всего комментариев: 1
avatar
0
1 Мango • 21:35, 13.01.2024
awtor?
avatar

uCoz