MENU

13:04
"Oñarsañ bar zady oñatlyga ýor..."

"OŇARSAŇ BAR ZADY OŇATLYGA ÝOR..."

Onarsaň bar zady oňatlyga ýor,
Belki-de, ýorgudyň ýerine düşer.
Ikibaşdan, gündogarda gün dogar,
Ikibaşdan, günbatarda gün ýaşar.

Ikibaşdan, ýigreniler, söýüler
Kimse ýere gider, kim dörär ýerden.
Ikibaşdan, biziň köne duýgular,
Köne ýaralar dek açylar birden.

Köne duýgularmyz şatlyk mysaly,
Bir ajap säherde gül bolup dogar.
Oňarsaň oňat tut köňülde päli,
Oňarsaň bar zady oňatlyga ýor.

Ýaramaz düýş görüp, ýörme dumanda.
Ýaramazlyk bolmasa seň küýüňde,
Hanha, ýyldyz süýndi gitdi asmanda,
Çaga dogdy goňşymyzyň öýünde.

© Gurbannazar EZIZOW
Просмотров: 112 | Добавил: Medicall | Теги: Gurbannazar EZIZOW | Рейтинг: 5.0/3
Всего комментариев: 4
avatar
1
1 sussupessimist • 13:08, 14.01.2024
Harp we beyleki yalňyşlar düzedilse kem bolmazdy.
Indem iň birinji söz Onarsaň bolup galypdyr. ň etmeli))

Gaytalanmaz yaly, teswirden goşgyny pozdum...
avatar
0
2 Medicall • 13:11, 14.01.2024
Sagboluñ, düzedildi:))
avatar
0
3 sussupessimist • 13:18, 14.01.2024
Şo yokarky teswirdakini ulanyp goyberiň
avatar
0
4 Medicall • 13:19, 14.01.2024
Hawa, şony aldym, köp köp sagboluñ!
avatar

uCoz