MENU

20:19
Maña düşünjek bolsañ

MAŇA DÜŞÜNJEK BOLSAŇ

Birje gün men bolup ýaşap görsene,
Boşatsana meni menden birje gün.
Ähli zadym señki bolsun, al, bu-da
Durmuşa çykamda hiç kime aýtman
Bukjam bilen alyp gaýdan gurjagym.

Barybir oñ duýulmandyr ýoklugy,
Zat näme, öýüñden özüñ gaýdañsoñ.
Ejem jan hamsygyp aglapdyr diñe
Toýdan soñ.

Bular hiç, men bolup ýaşap gör bir gün,
Aýdan sözlerime yşnyksyz diýme.
Bar, bir gün däl eken, bir ýyllap ýaşa,
Yöne indi maña düşnüksiz diýme.

Küýsemänsiñ diýme, sowapsyñ diýme,
Söz kesgirdir, beýle ýaralama sen.
Çekeñde bilersiñ diýerdim welin,
Seni hiç bir ynsan garalamasyn!

Gel, meniñ ruhumda ýaşap görsene,
Saña duýgularmy açmak islämde,
Utançdan dilimiñ lal bolşuny gör.
Golaýlamda ýüregime ot düşüp,
Iki ýañagymyñ al bolşuny gör.
Gollarym boýnuña halka bolanda,
Bir seniñ mähriñe zar bolşumy gör.

Özüñi meñ kalbym bilen söýüp gör,
Onda bir bölejik ýatandyr aýna.
Haýyşym, göwnüme degeñde ony
Öz eliñe berip utandyraýma.

Birje gün men bolup ýaşap görsene...

© Gurbanjemal ANNAKOWA
Просмотров: 292 | Добавил: Medicall | Теги: Gurbanjemal Annakowa | Рейтинг: 4.0/6
Всего комментариев: 3
avatar
0
1 Seýrаn • 20:10, 16.01.2024
Zenanyñ diñe yuregi bilen gurlap bilayjek zatlaryny beyan edishini diyseñ haladym
avatar
0
2 Kyyas • 15:33, 17.01.2024
Duýgylandyryjy
avatar
0
3 Pero • 10:11, 28.02.2024
Beh,duýgysynyñ ýitidigini! Käbir goşgular bolýa,içinde üýtgeşik tapyndam ýokdur. Emma goşgyny añyrdan akyp gelşi ỳaly,ýürekden syzdyryp ýazýa weli,göni ýūrege baraýýa. Bu hem şolañ biri.
avatar

uCoz