MENU

20:17
***


Gül kibimi, gülkülimi bilmedim,
günler meni bir hala-ha salypdyr.
Düşnüksiz däl seniň beýle gülmegiň,
meniň oýum saňa oýun bolupdyr.

Okaman başlapdyr gözleň ýüregmi.
Saýgaraňok indi setirleň ardyn.
Soňky döwür goşgularma göz aýlap,
ýaňsa salyp ýylgyrmagy çykardyň.

Unutdyň dilimi, ýat boldum saňa,
şeýdip sowuk düşdi, açyldy ara.
Belki-de, kim bilýär, göwün gaýygyň
baryp düşdi mundan başga kenara.

Men ýene-de sessiz galdym yzyňda,
gizläp bilmän gözlerimiň garasyn.
Çalaja pyşyrdap, eşitmeseň-de,
diýdim: «Söýgimiziň yzy ýarasyn!».

Birden çabga guýdy, sowuk damjalar
geçäýenok hol daşymdan aýlanyp.
Emma seniň ezilmedi köýnegiň,
şeýle bolýar ýeňil düşse aýralyk.

2019

© Süleýman HOJANEPESOW
Категория: Goşgular | Просмотров: 95 | Добавил: LegLek | Теги: Süleýman Hojanepesow | Рейтинг: 3.0/2
Всего комментариев: 2
avatar
0
1 Medicall • 21:37, 18.01.2024
üç ýyldyzjygy gününe goýup, goşgulara at goýulsa begenerdi goşgular:)
avatar
0
2 Medicall • 21:40, 18.01.2024
Ýa-da gadym ata babalaryñ ogullaryna belli bir iş bitirenden soñ at berişi ýaly bu goşgularam öz at alyp bilerlerine garaşylýarmy?! )
avatar

uCoz