MENU

10:24
* * *
Ýadadym-aý meňzeşlikden!..
Öz-özümi ýigrenýänem
(Mahal-mahal hut şu sebäp
Kalba “pyçak direýänem”).

Şo bir heňde ýaşap ýörmäň
Jansyzlykdan parhy ýok.
Sa:gat ýaly: “jyk, jyk, jyk, jyk...”
Edýän işiň nyrhy ýok.

Eýer ýok diýp syrtymyzda,
Kabul etdik: adammyşyk!
Biz bu dünýäň aldawyna
Dogulmakak aldanmyşyk.

Gör-le dünýäň tilsimjigni:
“Janly” diýip at hem dakmyş!
Jylaw dakmyş agzymyza,
Heý, al kakmyş!

23.03.2024ý.

© Laçyn BAZAROWA
Категория: Goşgular | Просмотров: 129 | Добавил: Pegas | Теги: Laçyn Bazarowa | Рейтинг: 5.0/3
Всего комментариев: 1
avatar
0
1 derwushhana • 12:42, 24.03.2024
Eýer ýok diýp syrtymyzda,
Kabul etdik: adammyşyk!

Gör-le dünýäň tilsimjigni:
“Janly” diýip at hem dakmyş!

Şo bir heňde ýaşap ýörmäň
Jansyzlykdan parhy ýok.

Her bent sol bir zady gaýtalaýar. Gowy ýazyp bilýär ýöne näme ýazýanyna düşünmeýän ýaly ýa-da özi bilgeşleýin pikirine basym bermek üçin edipdir. Olam gaty bir ýerine düşmändir.
avatar

uCoz