MENU

09:10
* * *
Her gün kalby gussa guçar,
Ol ertirki gülüşimmi?!
Äkitmäge inen uçar
Iki ýyllyk ölüşimmi?!

Sensiz gijelem dat edýär,
Ýylgyryşlarňy ýat edýän...
Meni bir zad-a ýadadýar...
Bu gamam bir ülüşimmi?!

Ýüregimde gatbar-gatbar
Ýazylan bagt doly hat bar.
Atyrylýan daňlar ýatman
Geljegmizden çilişimmi?!

Gije Aýyň öwüşgini
Aý ýüzüňe höwes berer...
Güýzleň mymyk öwüsgini
Ýüregiňmi?! Ýüregimmi —
Gelişiňmi?!

©Meýlis MUHAMMEDOW
Категория: Goşgular | Просмотров: 143 | Добавил: Pegas | Теги: Meýlis Muhammedow | Рейтинг: 4.5/2
Всего комментариев: 7
avatar
1
1 Rowaç • 19:18, 16.04.2024
Tehnika ýok däl, ýöne täzelik, "şirelik" gerek.
avatar
0
2 ToylyOraz • 17:02, 18.04.2024
Говы экен! диесим геляр, шире дийип догры айдыпдыр, бейле эсерлери Суйжедип язып билердиниз хасам,
Берекелла,
бирем Коче созлери азырак улансак Хасам меденете якын боларды, коче созлер гелян гозеллиги довян ерлерем боляр, Гозеллик билен язмак миесер этсин!
avatar
0
3 Pegas • 08:51, 19.04.2024
Köçe söz bolanda?
avatar
0
4 Merdan • 13:40, 19.04.2024
Çilmek hakda aýtjak bolan bolaýmasa
avatar
0
5 Aýgül_Baýadowa • 17:44, 19.04.2024
Howwa, çilişimmi, ölüşimmi...
avatar
0
6 ToylyOraz • 22:07, 19.04.2024
Пегас Агза гуйчли болмалы Онун эсерлерини Онденем Говы горип окаярдым..! Бизин чаклансызжа Тесвирмизем говнуне алып дурмазла?
avatar
1
7 sussupessimist • 23:13, 19.04.2024
Çilmek sözi köçe sözi däl. Özbaşdak many öwüşgini bar. Ogurlyk, talaňçylyk, elegrilik etmek, jübi kesmek, ýarmak, urmak, ýolmak, biriniň rysgyna el garmak... hersiniň öz ýeri bar.
"çyraçy", "bet", "göräääý-dä", "balam"... ine, şuňa meňzeş sözleriň soňky döwür ulanylyşyna köçe dili diýse bolar... aý, muňa näme dili diýseňem ýüzüne alyp oturasy ýok.
avatar

uCoz