MENU

00:49
****


Men seni hemişe öwüp ýörmäýin.
Senem indi artyk begenip ýörme,
Saña tebigylyk gowy gelişýär,
Bezenip ýörme.

Başarsañ-a gowsy näziñem azalt,
Meni senden gowy tanaýanam ýok,
Durmuşy herýana çekeläp ýörler,
Ýukajyk göwnüñe garaýanam ýok.

Dar gursagñy dowul gurşap almasyn,
Güman etme, ynanmagyñ ýeterlik,
Arzuwyñda men dünýäni unutdym,
Öñ mundanam beterdim.

Gün gizlenip tümlük höküm sürende,
Gözýaşyñy kirpikleñden gizleme,
Küýsegiñde gezip ýörün henizem,
Meni daşdan gözleme.

Hyýallam hor çekýär, umydym üzük,
Öñkiler ýaly,
Asmanyñ aýyna guwanamogam,
Seniñ geljegiñe ynanýan, ýöne,
Ynanamogam...

© Baýram BEJIDOW
Категория: Goşgular | Просмотров: 127 | Добавил: @Baýram_Bejidow | Теги: Baýram Bejidow | Рейтинг: 5.0/2
Всего комментариев: 3
avatar
0
1 sussupessimist • 21:18, 23.04.2024
Owadan goşgy bolupdyr
avatar
0
2 Pero • 08:14, 24.04.2024
Hawa,gowy,haladym.Ýöne
"Arzuwyñda men dünýäni unutdym,
Öñ mundanam beterdim." diymesi sorag döretjek bolup duu.
avatar
0
3 @Baýram_Bejidow • 08:51, 24.04.2024
2) öñ mundanam beter akmakdym diýdigim şol)))
avatar

uCoz