MENU

15:24
****

Geçip barýar kejebe,
Ony görüp ejemem,
Diýdi ,,Oglum nesip etsin saña-da,
Bolýañ alada...".

Hyýallarym Awazada dynç alýar,
Duýgylarym tolkunlarda ýüzüp ýör,
Özüni asmandan asan, täk Aýam,
Daşyna herhili ýyldyz düzüp ýör.

Bagty bolsun, geçip barýar kejebe,
Yrym edip ýüze sylýar ejemem,
Göwnüm Abu Dhabi-ñ yssysyn küýsäp,
Gelýänimi duýmasa-da Tejene,
Her gezek jañ edenimde, gaýtalap,
,,Öýlen" diýip igenýärsiñ ýadaman,
Belki ýadaýañ.

Gursagymda ýaýrap ýatan ada bar,
Suw barmaýan, mähre teşne, çeşmesiz,
Pyragyñ ýakylan kitaplary deý,
Entek-entek öz syryny çöşmedik.

Belki meñ diýýänim dogulan däldir,
Bolmasa gör näçe ýyllar gözledim.
Öz saýlanyñ bolar eje maña-da,
Men-ä şu saýlowda utup görmedim...

©Baýram BEJIDOW
Категория: Goşgular | Просмотров: 143 | Добавил: @Baýram_Bejidow | Теги: Baýram Bejidow | Рейтинг: 5.0/3
Всего комментариев: 4
avatar
0
1 Medicall • 07:21, 01.05.2024
Jigim, hemme goşgylañ ady ýyldyzjyk bolup barýar-la, udum edýañmi ýa?!

Tejene gideñde Abu-Dhabi diyip gitseñem azaşman taparsyñ welinim, Awaza gaýtmankañ bir aý öñünden gygyryp: "AWAZA BARYYYAANN" edip sesiñi eşitdirgin bärdäkilere. Bolmasa bronsyz ýer tapdyranok, awazadakylañam barynyñ telefony "Awaza tarife" geçýarler şonda. Ýogsa olara-da ýaşaýyş ýok, şoñüçirip şu mahal irräk telefonlamyz elýeterkä gygyryp gaýdaýgyn:)
avatar
0
2 Medicall • 07:30, 01.05.2024
Özüñemmara "belki meñ diyyanim dogulan dällir" zat diýenwolup entak dogulmadyklara ugratjak bolyañmy gudalyga hää)))
avatar
0
3 Medicall • 07:31, 01.05.2024
Goşgyñy yazan usulyñ halatjak bolýa jigimjan, üýtgäber şeýtde, ýöne, garaz,emma weliiin eýtýäñ beýtäñ arasynda iññirdäp galýañaý birhilije:)
avatar
0
4 YalňyzDurna5274 • 00:13, 04.05.2024
Bizä awazaň kenarynda garaşybam ýadadyk
avatar

uCoz