MENU

15:51
Gyzy mañlaýyndan õpüñ
GYZY MAŇLAÝYNDAN ÖPÜŇ

Gyzy mañlaýyndan õpüñ,
Goý bagty bolsun owadan.
Gyzy mañlaýyndan õpüñ,
Gorasyn ony ÿaradan.

Ol bir ucup gitjek guşdyr,
Ejesiniñ gujagyndan.
Goý hemişe razy bolsun,
Atasynyñ ojagyndan.

Gadam basjak durmuşynda,
Aýagyna daş degmesin.
Söýüp hem söýülip gezsin,
Aglap yzyna gelmesin.

Gujagy bolsun bābekli,
Kök urup, bir oba bolsun.
Öñ " gyzymjan " bolan bolsa,
Eje,ene, mama bolsun

Edebi-ekramy bilen,
Söydürsin ile özüni.
Enesiniñ-atasynyñ,
Gyzartmasyn gül ýüzüni.

Söýgi, ylym-bilim bilen,
El hünãrden serpaý ÿapyñ.
Alny bagty aĉyk bolsun,
Gyzy mañlaÿundan öpüñ.

© Şemşat NEFESOWA
Категория: Goşgular | Просмотров: 111 | Добавил: Şemşat_Nefesowa | Теги: Şemşat Nefesowa | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 4
avatar
0
1 @Baýram_Bejidow • 20:23, 26.05.2024
Bolýa))
avatar
0
2 Мango • 13:08, 27.05.2024
toýlarda okabermeli goşgy eken.

"Söýüp hem söýülip gezsin..."
şablon barada aýtsak şü "söýmek-söýülmegem" şablonyň tüýs kendisi.
avatar
0
3 Мango • 13:09, 27.05.2024
1-e. 
Baýram kaka, söz berdiň, indi sözüňde-de tapyl. bolýamy?
avatar
0
4 @Baýram_Bejidow • 16:00, 27.05.2024
3 bolýa Mango akga sözdir
avatar

uCoz