MENU

16:29
Hatar gurap geçip dur aýlar-ýyllar
Hatar gurap geçip dur aýlar - ýyllar,
Gyýkuwlaşyp geçişi deý durnalañ.
Sowaşypdyr ýüregimiñ ataşy,
... Ýa bitdi ýarasy, köne urnalañ.

Ýadyñdamy?!
Deñziñ salkyn şemaly,
Saçlarymy sypap çözlãnde telim
Bolsady ekerdik, geljege garap,
Gözleñ didelemde, eliñde elim.

... Ondan bãri ençe ýyllar geçipdir,
Őzgeripsiñ, agralypdyr nazaryñ.
Ykbal bize aýry ýollar seçipdir,
Günãli deý, sowma, duşsak nazaryñ.

Alnyna sylýarlar meniñ durmuşym,
Ykbaldan nalamok Hudaÿa şũkür.
Diÿjegim gözümden añÿar ÿoldaşym,
Indi geçenler barada edemok pikir.

Emma, tötãnleýin, günleñ birinde,
Garagol ogluma seslensem eger,
Sen, öz adyñy eşidenñe geñleme,
Yzyña öwrülip seretseñ meger...

© Şemşat NEFESOWA
Просмотров: 103 | Добавил: Şemşat_Nefesowa | Теги: Şemşat Nefesowa | Рейтинг: 2.5/2
Всего комментариев: 6
avatar
1
1 Мango • 13:00, 27.05.2024
Gykuwlaşyp geçýän durnalar ýaly hatar gurap geçýän aýlar-ýyllar...
durnalar.... ýyllar....
hemmeleriň öwrenişen, hemmeleriň diýäýjek meňzetmesi...

---
Emma, tötãnleýin, günleñ birinde,
Garagol ogluma seslensem eger,
Sen, öz adyñy eşidenñe geñleme,
Yzyña öwrülip seretseñ meger...

megerem "meger" azaşyp düşüpdir we "egeri" özüne hossar tutunjak bolupdyr....

---
manysy.
halanyna gowuşyp bilmedik biri, soň oň adyny çagasyna dakypdyrmy?
eger şeýden bolsa, dogry hasaplamok...
haýsy bir halanyň adyny çagaňa dakjak...
(ýöne adamyň öz işi, dakybam biler).
avatar
2
2 sussupessimist • 16:49, 27.05.2024
Ýoldaşyna bildirmänjik, adyny dakmagy ahmal. "Haýsy bir halanyň" diýip, ýamman erbet etdiňlaý, Mango. Belki, ýeke-täk, ilkinji söýgüsidir liriki gahrymanyň. Durmuşda bolup biljek ýagdaý (ýöne ýakymsyz hem gelşiksiz ýagdaý, elbetde. Bilinse, är-aýalyň arasyna sowuklyk salyp biljek).
Emma goşgular, dogrudanam, klişelerden doly. El -ele berip oturyşlary, didarlaşyp oturyşlary, durnalar, sowaşan ýürek ataşy, şükür-pikir, eger-meger, geçipdir-seçipdir... ýaly kapyýalar...
avatar
1
3 Мango • 18:08, 27.05.2024
bä... gödek bolaýdymy aýdyşym.
bagyşlasynlar. 
diýmek islänimi düşündirjek bolup, has beter bulaşdyraýmaýyn....
garaz, ýeri doldurylmajak zat ýokdur-la...
avatar
1
4 Мango • 18:22, 27.05.2024
eger gyz bolsam, barýan oglanyma öň birini halanymy aýdardym (öňünden)...
eger oglan bolsam, ozal bir gyzy halanymy aýdardym (öňünden)...

gülkünç boldumy "eger oglan bolsam"-ly ýeri.... :-)
umuman, maşgala öz erkiň we razylygyň  bilen gurulýar, geçmişiň bilen bagly zatlaryň прозрачный bolmagy hem aýyp zat däl....

----
gülkünç däl wakajyk eşitdim.
öňem biri, mysal üçin Mämmedi ir bilen aýaly oýarýamyş:
–tur, Gün dogdy...
Mämmet bu sözi başgaça kabul edýär:
– Kim ol Gündogdy .....xxxxx.......xxxxxx.......?

gülkünç däl, hä? belki Mämmet oýun edip gygyran bolandyr? kim bilýär?
avatar
2
5 Şemşat_Nefesowa • 01:11, 28.05.2024
Hawa men diydim, utanmadym, şony, bu meniñ däl-de biriniñ ykbaly. Bu barada Durmuş öwrümi atly nowellada ýazypdym bir wagtlar okan bolsanyz hemme zat yerine düşer.
avatar
0
6 Merdan • 01:42, 28.05.2024
Gowy gowy
avatar

uCoz