MENU

23:52
****

Yşgyñ dälihanasynda,
Ýan bermedik bir telbe men
Ýerinde dursun ýüregim,
Owal amanat, elleme!.

Çapyp barýan bedew ýaly,
Çapyp barýar bu ömrümem,
Nerme-näzik bu göwnümiñ,
Tapyp bilemok göwnünem.

Soltany men akmaklaryñ,
Asyllylañ ýesiri men,
Ýeri dörjeläp tapmadym,
Asmanda ýok nesibimem.

Sen gowsy gonma gursagma,
Gonsañ ganatyñ tüýdüler,
Içigara däl men düşün,
Kalbyma kömür guýdylar.

Diýme ,,kesir, özdiýenli",
Çepim-sagym oñuşanok,
Senem janygyp oturma,
Çyn söýenler gowuşanok...

© Baýram BEJIDOW
Категория: Goşgular | Просмотров: 111 | Добавил: @Baýram_Bejidow | Теги: Baýram Bejidow | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 5
avatar
0
1 Aýgül_Baýadowa • 12:11, 05.07.2024
Gowy setirleriňi gowşak setirler bilen ýykyp goýberýäň bilen, ýüregiň agyryp gidýär-aý, Baýram. Tersine bolmaly aslynda ýogsa.
avatar
0
2 @Baýram_Bejidow • 12:31, 05.07.2024
Beh
avatar
0
3 Aýgül_Baýadowa • 13:59, 05.07.2024
"Şu pylan zada-da ýaranyp bolmady" diýýäň gerek?
avatar
0
4 @Baýram_Bejidow • 14:06, 05.07.2024
Ýok gelneje dogry diýýäñiz menem bir şolbir heñim
avatar
0
5 Kerim • 14:15, 05.07.2024
Gowy gowy
avatar

uCoz