MENU

01:40
* * *

* * *

Meni oda-köze düşürip ýagýan
Damjalar penjiräñ ýüzünde uklar.
Ahwalyñy añmak islän ýüregim,
Dideleñden içki dünýäñe jyklar.

Señ dünýäñi duman gaplan ekeni,
Ýoluñda yş görmän sermenip ýörsüñ.
Umyt bilen umytsyzlyk daşyñda
Alaja deý işilip dur bir görsem.

Heserlendirse-de äwmezek durkuñ,
Duýgular ýumagyñ çolaşan eken.
Söýgüden püre-pür deñziñ çekilip,
Güller gurap,göwnüñ çölleşen eken.

Aý menekli,şonda-da ol söýgüli,
Señem maña beren gussañy söýýän.
Duýgyñ suratkeşiñ kagyza çyrşan,
Düşnüksiz şekli deý bolsa-da söý ýar!

© Meñli AŞYROWA
Категория: Goşgular | Просмотров: 99 | Добавил: Medicall | Теги: Meñli Aşyrowa | Рейтинг: 5.0/3
Всего комментариев: 2
avatar
1
1 Мango • 10:22, 19.07.2024
has gowja ýerleri:

"didelerden içki dünýäsine jyklanmagy",
"umyt bilen umytsyzlygyň alaja deý işilip durmagy",
"söýgi deňziniň çekilip,... göwnüñ çölleşmegi".
avatar
0
2 Seýrаn • 09:15, 21.07.2024
Mangoň tutanja ýerleri göze täzeçil ilýär. Şolar ýaly setirleriň yzy köp bolsun. Gowy eken.
avatar

uCoz