MENU

16:49
"Düýnki ýakyn göwün ýat bolup barýar... "
"DÜÝNKI ÝAKYN GÖWÜN ÝAT BOLUP BARÝAR"

Düýnki ýakyn göwün ýat bolup barýar,
Öz ornuny başga berjege meňzäp.
Nämä gamlanýarkam ähli zatlaryň,
Bir gün gutarýany däl ahyr geň zat.

Gelen çagy gujak açyp gelipdi,
Tozadyban gitdi ugranda ýoly.
Galdy gursagymda onuň hesreti,
Hemem ýatlamalar örtener ýaly.

Kalbym meniň umman, gopýar harasat,
Tolkunlar segreşip bir birin kowýar.
Hemem ýaýrap meniň göwün kenarma,
Şor suw bilen ganly ýaramy ýuwýar.

Mymyk şemal maňa maslahat berýär,
Nähili bolsada sen hemişe söý!
Aýlanyp-öwrülip saçym sypaýar,
Ýagdaý bilen imrindirşjek bilýan deý.

© Agageldi ALLANAZAROW
Категория: Goşgular | Просмотров: 109 | Добавил: Sehirgar | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 3
avatar
0
1 Kerim • 07:32, 09.08.2024
Goşgyň adynda ýalňyşlyk gidipdir.
avatar
0
2 Seýrаn • 08:21, 09.08.2024
Soňky bendi bilen soňky setiri juda gowşak eken.
avatar
0
3 Мango • 17:11, 13.08.2024
Şor suw bilen ganly ýarasyny ýuwuşy-ha gyzykly eken...
ýöne, soňky setirindäki "imrindirşjek" welin... bolmapdyr.
avatar

uCoz