MENU

16:47
Söýýän gyzyma

SÖÝÝÄN GYZYMA

Nazym Hikmetiň äheňinde

Özümi synlardym garagyň bolsam,
Başyňy sypardym daragyň bolsam.
Agyr gün-aýlarda solan pursatym
Tämiz gülkülerňe kalbymy ezdim.
Eger-de ýylgyrşyň bolan bolsadym,
Seni goýup, hiç bir ýana gitmezdim.

Bagtyň bolan bolsam agyr günlerde,
Ýylgyraryň ýaly “gyjyklardym” men.
Köýnegiň bolsadym, dep edip derdim,
Egniňde hemişe gujaklardym men.

Seň ýöreýän köçäň bolan bolsadym,
Kalbymy açardym (basmaga çemli),
Ýöne äkitmez-de asmana çenli,
Seň öňüňden hiç bir ýana sowulman,
Sypap aýna ýaly köwüşleriňden
Seni öz öýmüze getirerdim men...

© Seýran SEÝITMÄMMEDOW
Категория: Goşgular | Просмотров: 71 | Добавил: Medicall | Теги: Seýran Seýitmämmedow | Рейтинг: 5.0/2
Всего комментариев: 1
avatar
0
1 Мango • 12:35, 19.08.2024
gowja...
berekella.
---
agzalan Nazym daýyň goşgusynam okap bolarmyka?
avatar

uCoz