MENU

11:50
* * *
Lezzetli ukymy setire çalşyp,
Ýöredýän galamym dişimi gyjap,
Bir gözel mar bilen ýatdy çolaşyp,
Namysyn aldawa, ýalana harçlap.

Oglan iş bitirdi, yzyn ýitirdi,
Suwa gaçan duza dönäýdi birden.
Gyz özüne satyn aldy oturdy,
Ýumruk deý, ýüregne sygmajak derdin.

Döredi içinde kiçijik ynsan,
Haçana çen saklanar ol, gizlenip.
Dünýäleri sowgat berjek mähriban,
Salgym boldy tapylmady gözlenip.

Oba gezdi gepden doly çanagy,
Hossarlary ýere girdi ölmezden.
Kim günäli ene-ata, çagamy?
Başy daşa urýas bilip, bilmezden.

Aýyrtmaklyk çäre boldy şo pursat
Kalbynyñ parçasyn gopardy lukman.
Eneden, çagadan soralman rugsat,
Kowuldy dünýäden bir bölejik jan.

© Süleýman Teķäýew
Категория: Goşgular | Просмотров: 86 | Добавил: Hyýalbent | Теги: Süleýman Tekäýew | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 1
avatar
0
1 Мango • 11:23, 09.09.2024
ýöntemräjik...
akly ýerinde biri nikadan öň "mar bilen çolaşmaz".
ondan soň "kim günäkär" diýip gözlege çykmagam gerek däl.
aslynda 18 ýaşansoň her kim özüne jogapkär.

...Kalbynyñ parçasyn gopardy lukman.
Eneden, çagadan soralman rugsat...

eneden (ejeden) soralman abort edilýän däldir-le...
avatar

uCoz