MENU

10:39
Açar

Höwes galmady gursakda,
Hyjuwym terk etdi birçak.
Göwnümde — aglaýan çaga,
Düýşümde — tow berlen gurjak.

Näme aňladýanyn bilmen,
Aňymda bir geň sesler bar.
Ýollarmyň aýdymyn diňle,
Sen ýok bolsaň, meňzeşleň bar...

Kebelek gaçdy içime,
Reňkli däl, gyryk — ganaty.
Diýenetmezek “geçi” men —
Leglegiň paýlan çagasy.

Zeminden göge ýol ýasap,
Aýy getiresim gelýär.
Sowuk kalbym üçin Güne
Elim ýetiresim gelýär.

Ömür ýolun geçebilmen
Ökjeli köwüşim bilen.
Men — düşünerden has uly,
Söýgini söýüşen biler.

Ýüzmek isleýärin, emma
Suwdan gorkýan öler ýaly.
Ýogsa tapardymam hökman
Buratinonyň açaryn
Uçmak isleýärin, emma
(Bilýän öňüm gören ýaly)
Asmandan suwa gaçaryn.

© Uzuk NOWRUZOWA
Категория: Goşgular | Просмотров: 114 | Добавил: Pegas | Теги: Uzuk Nowruzowa | Рейтинг: 5.0/4
Всего комментариев: 2
avatar
0
1 Мango • 10:12, 05.08.2024
Ýüzmek isleýärin, emma ...gorkýan...
Uçmak isleýärin, emma ...asmandan suwa gaçaryn.

sizde özüňize ynam ýok (az) ýaly.
ýogsam uçmak islän uçup, ýüzmek islänem ýüzer.
emma, goşgyňyzda bir zatjyklar bar... Uzuk hanym.
üstünlikler.
avatar
0
2 Мango • 11:14, 05.08.2024
Buratinonyň açary diýilende....
"Золотой Ключик - это способ получить что-то недоступное, запертое, запретное, обладание ключом символизирует привилегированное право и синонимично избранничеству. Ключ - символ обладания чем-либо. Золотой ключик из сказки символизирует обретение счастья. Ключ - инструмент для достижения результата: к сердцу, к успеху, к свободе. Ключ – символ открытия, освобождения, раскрытия тайны. Образ золотого ключа часто встречается в искусстве и означает счастье, духовную власть."
avatar

uCoz