MENU

01:11
Ahwal

"AHWAL


Käte sowal berýän:
«Neneň adam men?»
Aýna baksam ýüzüm nätanyş ýaly.
Gözüm ýumsam
keşbim çykýar ýadymdan,
Uka gitsem uçup barýan guş ýaly.

Solýaris kanuny — elhenç sazlaşyk,
Ýaýdanýan, çekinýän, gorkýan aňymdan.
Pikirlerim kem-kem materiallaşyp,
Matal ýöriş bilen çykýar alnymdan.

Gün älemi — hal-ahwallar älemi,
Bolan-bolmuş degresinden gitmeýär.
Alymmy, şahyrmy, telbe-dälimi…
Pikirler, duýgular, sözler ýitmeýär.

Adam bu dünýäde adam gözleýär,
Ruhuna mähriban, süňňüne eziz.
Kemini örtübräk ýalan sözleýär,
ýalanyn ýapmaga gözleýär delil.

Emma sözler uzak sapardan soňra,
Eýesiniň aýagyna baş goýýar.
Arşyň ammaryna goşulyp şonda,
Öz dogduk kalbyny baky boş goýýar.

Jan — göwräniň bir bigünä derwüşi,
Derwüş dymýar, dymyp diýýär:
«Sen neneň?!»
Pikirler — adamyň gaýyp görnüşi,
Ilçi bolup arşa ugrar ruhdan öň.

Haýyr-şeriň labyryndan boşadyp,
Ýola salsa ýaşaýyşly bu kenar,
Adam pahyr garyp göwnün hoş edip,
Arzuwlarny, aýdan sözlerni tanar.

© Seýitmyrat GELDIÝEW
Категория: Goşgular | Просмотров: 126 | Добавил: Medicall | Теги: Seýitmyrat Geldiýew | Рейтинг: 4.8/5
Всего комментариев: 5
avatar
0
1 Medicall • 01:22, 23.02.2023
Sagboluñ, öñki zametkamda duran goşgulardan bular
avatar
0
2 Aksary • 08:34, 23.02.2023
Bu goşgynyñ ady AHWAL bolmagy mümkin
avatar
0
3 Kyyas • 08:41, 23.02.2023
Şeýle öýtýän
avatar
1
4 Мango • 10:57, 23.02.2023
ýürege jüňk sözler.
"Pikirleriň materiallaşmagy" - dogry zat şu.
umuman, biziň amallarymyz, ýagşy niýetlerimiz... asmanda toplanýar diýilýär. asmanda diýsem adres berdigim däl, ýöne many - olar ýitmeýär, zaýalanman saklanýar, soň eýesine haýyr berer ýaly... (umuman)

Gün älemi — hal-ahwallar älemi,
Bolan-bolmuş degresinden gitmeýär.
Alymmy, şahyrmy, telbe-dälimi…
Pikirler, duýgular, sözler ýitmeýär.

hawa, şo diýýänim "sözler ýitmeýär".
şu sözi gygyryp aýdaýynla: SÖZLER ÝITMEÝÄR.
şoň üçrip sözlerde seresalyk saklaň.
sözler - hasap güni biziň haýrymyza ýa zyýanymyza bolup biler. sözler ýitmeýär!

şahyryň sagdyn pikirleri bar.
jan saglyk we üstünlikler dileýän.
avatar
0
5 Medicall • 21:23, 23.02.2023
Goýamda zametkada atsyz goýupdyryn, ýogsa öñ kitapçyda-da özüm goýupdym, ady ýadyma düşmedi-de goyaydym agşam, geçiresiz, düzederin, indikile gaýtalamaryn))
avatar

uCoz