MENU

23:28
Adamzadyň döreýşi
Allatagalla adamzady ýaradanda adam sulba bolup, üç ýüz altmyş ýyllap jansyz ýatypdyr. Bu ýagdaýyň sebäbini hudaýdan soranlarynda ol:
– Men muny ýeke toprakdan ýaradypdym weli, ýel, suw, ot dagy öýkeleýärler. Şonuň üçinem şu wagtyň içinde adamzadyň endamyna ýelden, suwdan, otdan hem garmak gerek boldy – diýipdir.
Şindi görseň kä adam gyzmarakdyr. Onuň ody köpdür, suwy köpüňki şoňa görä, ýeli köpüňkem oňa görä bolýandyr. Aslynda adamlaryň dürli-dürlidigem şondandyr.
Категория: Halk döredijiligi, rowaýatlar | Просмотров: 141 | Добавил: Parahat6499 | Рейтинг: 3.0/1
Всего комментариев: 1
avatar
0
1 Kyyas • 00:34, 31.07.2023
Köp temada din barasyndaky rowaýat, hekaýa, garaz ähli dini birikdirýär.
Men bir kitap okapdym biomeýdan diýen kitapdy.
Şondaky bio energiýada iýmitlendirmek üçin, Günden, Ýerden, Suwdan, Ýelden(howadan) almaly...
Tibet monahlarynyñ adamy dört görnüşe bölmesi...

Ýoganyñ tebigat bn baglanşdyryp
Auralaryñ esasy dört bölege bölüşi...
Yslamda adamy dört elementiñ garylyşy.

Adam ölende şol elementleriñ biri bilen jaýlamak (Şirwanynyñ hudaýlygy diýen kitapda belki adyny ýalñyşan bolmagymam ahmal)
Ýeri gelende Türkmeniñ öñden gelýän däp-dessuram şu zatlara baglanýar.
avatar

uCoz