MENU

01:23
Adaty zatlardan ýüregim gysýar!

Adaty zatlardan ýüregim gysýar,
Köp zatlary alamogam piňime...
Aý üstüne giden bolardym birwagt,
Ýöne Ýerde ýakyn saýýan özümi
Kimdir birine...

Sesim ýetdiginden aýdym aýdýaryn,
Çekjek bolup ümsümligiň ünsüni.
Yhlaslarym puç bolupdyr, owarram!
Gorkýan bilip-bilmän ýykaryn öýdüp
Umydymyň göwnüni.

Suwa bakyp öz keşbimi synlaýan,
Seredip gözlermiň garajygyna.
Goý, başgalar näme diýse diýsinler!
Men saňa söz berýän, söz berýän, kalbym!
Seni aýajagyma!

Arşda guşlar menden beter elenýär,
Olaryňam derdi ýetik çemeli.
Menem bir pel-pelläp uçsadym Gökde,
Çünki Ýerde söýen duýgularymyň
Baram emeli...

02:45
21.10.2023

© Enemähri GUWANOWA
Просмотров: 135 | Добавил: Garlawac | Теги: Enemähri Guwanowa | Рейтинг: 5.0/2
Всего комментариев: 5
avatar
0
1 Medicall • 02:03, 22.10.2023
Täzeje goşgy eken:)
Sagbol jigim, Berekellaly bäşlik saña:)
avatar
0
2 Pero • 11:31, 22.10.2023
Mendenem bir gopbamja 5-lik.
Emma adynda grammatiki ýalñyṣ bar "Adaty zatlardan däl-de zatlara ýüregim gysýar" bolmaly.
avatar
0
3 Garlawac • 17:07, 22.10.2023
Sagboluň, Uýalarym! :)
avatar
0
4 Мango • 00:12, 23.10.2023
gowja.
"Arşda guşlar menden beter elenýär"
arş diýdigiň asmandygy düşnükli.
ýöne, hakyna seretseň arş asmanyň has ýokary derejeleri...
üstünlikler!
avatar
0
5 aygull • 16:03, 24.10.2023
Durmuş-adaty bolardan has süýji...
avatar

uCoz