MENU

01:22
Agyr dünýäde

Üstünlige ýeňil ýetjek bolýas biz,
Ýaşamasy juda agyr dünýäde.
Onsoň çalt sargaryp, çakgan solýas biz
Çyn sözi juda az
wagyr dünýäde.

Gümanly ýaşasaň — bolarsyň küpür,
Herniçik, etmeli baryňa şükür,
Dymsaň-a samsyksyň, gürleseň — pökür,
Ýok zada etmeli sabyr dünýäde

Aýna: däl, kalbyna seretsin her kim,
Dünýä gözel — bolsa göwnüňde görküň
Ýaşap başarmadyk özünden görsün,
Ýaşanyňa degýän nebir dünýäde.

Göwün gulpdyr, açarydyr öwgüler,
Dost bolmagy başarsaňam döw bilen,
Degmäň,
degmäň,
degmäň ynsan göwnüne,
Ahyrky pillesi gabyr dünýäde.

17.06.2023

© Aşyrmät GARLY
Категория: Goşgular | Просмотров: 73 | Добавил: Medicall | Теги: Aşyrmät Garly | Рейтинг: 2.3/3
Всего комментариев: 2
avatar
0
1 Мango • 09:21, 16.10.2023
umuman erbet däl Aşyrmät kaka.
ýöne mende döreden duýgulary paýlaşaýjak.
goşguda ilki başda (dünýä barada) "agyr dünýä", "wagyr dünýä", "sabyr dünýä" diýseňizem, soň dünýä baradaky pikirleri "ýaşanyňa degýän nebir dünýä" diýip başga ýana öwürýäňiz. birhili käýinip-igenip oturan biriniň başyny sypap göýberen ýaly...

"Onsoň çalt sargaryp, çakgan solýas biz"
ünsümi çekdi manydaş sözler... :-)

"Ahyrky pillesi gabyr dünýäde"
jedel edesimi getirip dur.
dünýäliň gözi bilen seredeňde hawa, soňumyz gabyr ýaly görünýär. emma, ruhlaryň ölmeýäni üçin gabyra girenimiz bilen soňumyz diýip bolmaz.
ýöne, bu diýýänlerim inçeläňde... a tak hawa, dünýe ýaşaýyşy gabyr bilen soňlanýar...

gowy goşgy.
avatar
0
2 Мango • 09:41, 16.10.2023
ýene bir zat ýatdan çykypdyr.

"Gümanly ýaşasaň — bolarsyň küpür"

şu "küpür (küfür)"-iň iki manysy bar öýdýän.
1 küfür - sögünmek, sögünçli geplemek.
2. küfür - hudaýa garşy gürlemek.

1 - отборная брань, увесистая ругань.
2 - богохульство, хула (бога, религии и т. п.)

indi "Gümanly ýaşasaň — bolarsyň küpür" diýilende näme göz öňüne tutuldyka?
eger "gümanly ýaşasaň" dine güman etseň imandan aýrylarsyň we kafyr (ynançsyz) bolarsyň diýildigimi.
setirdäki "küfür" haýasy manyda?
küfür bolunýamy ýa küfür geplenilýär?...
avatar

uCoz