MENU

11:54
«Ahmyr bilen boýun almaly boldum...»

* * *
Ahmyr bilen boýun almaly boldum,
Geçen günleň gaýdyp gelmejegini.
Sowuklyk ornaşyp başlanda bildim,
Kalbym welaýatyma meňzejegini.

Arzuwlarmyň guburyna gül goýdum,
Geçen hepde sowanymda «kyrkyny».
Bagtyň sazyn çaljak orkestrimem
Meniň gezegimde galdy irkilip.

Özgeler geljegne ýöreýän bolsa,
Beýnim geçmişime gatnaýan boldy.
«Gussalyk» çaýyna «şatlyk» gandyndan
atjakdym, hiç dükan satmaýan boldy.

Hamsygyp galsa-da ýetim duýgular,
Ajap günler üçin bakarlar gapa.
Sabyr käsäm entek dökülmez, ýöne...
Iru-giç gapym bir kakylarmyka?

Çeşme: "Nesil" gazeti (02/02/2024)

© Ylham GURBANALYÝEW
Категория: Goşgular | Просмотров: 105 | Добавил: sussupessimist | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 3
avatar
0
1 sussupessimist • 11:55, 03.02.2024
Awtor Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabyndan eken. "Niräň sowuklygy?" diýen sorag dörese...

Ýamman çernuha goşgy ekenäý. pessimizmden gaçyp-gutulara soňunda bir gapy goýupdyr diýmeseň... Kalby demirgazyk welaýat ýaly sowuk, arzuwlar gabyrda, orkestr ýatyr, dükanlar gantsyz...
mizdes!
avatar
0
2 Mekan2 • 12:06, 03.02.2024
bizdes diýsene :-)

soňky s = n-myş.

goşgy welip, gowy.
avatar
0
3 Мango • 14:12, 03.02.2024
Arzuwlarmyň guburyna gül goýdum...

arzuw, isleg, maksadyň* - gubura öwrülenini öňem biri ýaňy-ýakynda agzan ýaly bolup du...

*maksat-bu ýerde adam ady bilen bagly däldir.
---

"...dükan satmaýan boldy"
şujaşşa ýeri demirgazyklylaň şiwesine urduryp gitdi :-)
"dükan gant satmaýannan bolup du. beýtse-hä bolmaýannan bolýa..."

degişen boldugum.
ökölämäň ýöne.

gowy goşgy. awtora-da bäşlik milen üssünlük!

---
surat barada.
jedelem edeli şol owlan-a üşänok.
oň eginlerini güneş çoýup du.

özem aglan bolýamy?
oňurgasyndan şaha çykyp agaç bolanyna aglaýamyka?
ýa gyşda galanyna aglaýamyka?
avatar

uCoz