MENU

13:45
Ahyrsoňy...

Gözüm — Ýyldyz,
Dünýä bakýan.
Ol ýylgyrýar,
Men ýygrylýan.
Sözler, bizler bizden hoş.
Dünýä boş... däl indi.
Has dogrusy, meň dünýäm.
Bilýän syzyp urgyny.
Gözgyny geçmişden
Uzakda, sebäp.
Eräp, ýagyş boldy garaňky bulut.
Unut geçmişiňi, barja zat gowy
Ahyrsoňy.

26.12.2023ý.     23:49   Ankara.

Laçyn BAZAROWA
Категория: Goşgular | Просмотров: 115 | Добавил: Pegas | Теги: Laçyn Bazarowa | Рейтинг: 4.5/4
Всего комментариев: 1
avatar
0
1 Мango • 01:08, 30.12.2023
Gözgyny geçmişden
Uzakda, sebäp.
Eräp
, ýagyş boldy garaňky bulut.
Unut
geçmişiňi, barja zat gowy
Ahyrsoňy.

gyzykly gördüm setirleri "daňyşyňy" - "sebäp" bilen gutaryp "eräp" bilen dowam edişiňi.
"bulut" bilen "unut" hem şeýle.
avatar

uCoz