MENU

00:42
Aklym däliräpdir başymy aýlap
Aklym däliräpdir başymy aýlap,
Pikirlermiñ ählijesi tersine.
Nirde azaşypdyr?
Bir Alla bilýär...
Diñe samsam pikir gelip dur sere.

Hat-da elimem diýen edenok
we
Aýagymyñ basan ýeri garalyk.
Has akylly çöle çykan telbe-de,
Gözlerimiñ agam barýar garalyp.

Ne döw çaldy, ne belaga uçradym,
Gulaklarym eşdenoklar görüp dur.
Agzym eşdip, burnum bolsa gürleýär,
Gözüm welin ýürege dem berip dur.

Işi gaýdan,
heý beýle zat bolarmy?
Muny belki görüp-eşdenem ýokdur.
Akylym aklyna aýlansyn diýip,
Öýkenimem gürsüldeýär gursakda.

© Remezan Mämetgurbanow
Категория: Goşgular | Просмотров: 87 | Добавил: Kyyas | Теги: Remezan Mämetgurbanow | Рейтинг: 5.0/2
Всего комментариев: 2
avatar
0
1 Мango • 13:34, 20.06.2023
ýene ogluňyzdan ylham adlyňyzmy? :-)
avatar
0
2 Kyyas • 22:50, 20.06.2023
Häzir şondan başga näme diýeýin ))
avatar

uCoz