MENU

09:14
Şäher diýeniň Mary ýaly bolaýsa...

MARY

(2500 ýyllygyna ýazylan goşgy)

On-on iki ýaşlarymyzda şeýleräk pikir ederdik.

Şäher diýeniň
Mary ýaly bolaýsa...

Köçeleri asfaltlanan,
Jaýlary gatbar-gatbar,
Hatar-hatar.
Başyň aýlanar gider,
Bilmersiň aňsat-aňsat
Niredekä gündogar,
Niredekä günbatar.

Turbalary burugsap,
Keşde çeker asmana.
Gudoklary zoguldap,
Başlar täsin dessana
Hem furgondyr maşynlaň
Seslerine ses goşar.
Ýerde dogan ýalydyr
Müňlerçe älemgoşar.

Kä jaýyň gapysynda
Märeke topar-topar.
Lak atylan gelinler
Ýigitleriň deňinden
Gülüp, sülmüräp öter.
Suwsadyňmy?!.
Eý, teşne,
Buzly, gyzyl suwdan iç.
Ýadadyňmy?!
Нol köpriň
Üstünde dynç al-da geç!
Hemem synla Murgaby
Obaň onlarça ýaby
Birleşse-de, onça ýok.
Tolkunlary lemmer-lemmer,
Murgap ýa-ha dälirändir,
Ýa-da bolandyr gammar.

Owadanmyş Moskwa,
Görmesemem ynanýan.
Gaýybana aşyk men,
Oňa uýýan, sygynýan.
Ýene-de köp şäherleriň
Agzaýarlar adyny.
Emma, beýdip aldamaklyk
Aňsat däldir adamy...
Madrid Maryça barmy?
Pariž Maryça barmy?
Маrу ýaly owadan
Hem uly şäher bormy?
Men-ä duşamak şindi,
Ynanman, bar diýseler
Haýsy şähere barsaň,
Hökman Mary küýseler.

Şäher diýeniň
Mary ýaly bolaýsa...

Italmaz NURYÝEW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 90 | Добавил: Lacrymosa | Рейтинг: 4.0/2
Всего комментариев: 4
avatar
0
1 Мango • 14:13, 03.12.2023
menem 2023-iň komplimentini aýdaýyn Mary şäherine.
arada Mara gidemde reňga-reň maşşynlary görüp, witrinaly, wyweskaly dükanlary görüp gözüm ýaşaryp gitdi.
şäher diýeniň Mary ýaly bolaýsa...

ýöne her nämede bolsa şäherleň gowusy Bombeýdir-le!
avatar
0
2 Atsyzatly • 14:17, 03.12.2023
Öňem biri: "Aşgabatly dowzaha düşse ak maşyn sürmeli edipdirler" diýýär.))
avatar
0
3 Medicall • 14:53, 03.12.2023
"towşana dogduk depe" diýleni-da, gowy goşgy, italmaz daýy ajaýyp Şahyr!
Aşgabatdan aňry geçip görmedigem bolsam, şujagaşja ýerine belligimi aýtman geçsem karam bolar:

Lak atylan gelinler
Ýigitleriň deňinden
Gülüp, sülmüräp öter


gelinlere lak atýan ýigitlere-de, lak atylanda gülüp, sülmüreýän gelinlere-de No, nO, no diýýän, laky gyzlara atylýardy biz obada, gelinlere däl)))

Gaýybana aşyk men,
Oňa uýýan, sygynýan.
diňe Hudaýa sygynylýanmyka diýýädim...

Emma Mara-da Italmaz aga-da RESPECT!
avatar
0
4 Lacrymosa • 16:05, 03.12.2023
Maru-Şahu Jahan --- ne ajap şäher!
Doýmarsyň, baksaň-da oňa her säher.

Mary gyş hem gözel ýazdakysy deý,
Jöwzaly tomus hem güýzdäkisi deý.

Kim görse ýa ýurdy saýsa Maryny,
Küýsärmi, heý-de ol özge ýerini?!

Nazar Gullaýew (ýatan ýeri ýagty bolsun!) ýazdyrypdy.
Seljuk şahyrynyňky diýip...
avatar

uCoz