MENU

07:53
Allanyñ haýasy
ALLANYÑ HAÝASY

Allahyň haýasy ylahy bir ahlak we syrdyr. Allah haýaly bolany üçin gullarynyň hatadyr günälerini ýüzüne basmaýar, geçirimlilik edýär. Başgaça aýdylanda, Allahyň haýasy gullaryny utandyr­mak­dan utanmak haýasydyr.
Allahutagalanyň haýasy bilen baglanyşykly şu rowaýaty gürrüň berýärler:
Allahutagala kyýamat-magşar güni hasaba çekilen bir garrydan:
- Näme üçin bu günäleri etdiň? - diyip sorar welin, ol bende şol günäleri edendigini inkär edip, ýalan sözlär. Rahman we Rahym bolan Allah:
- Şeýle bolsa, bu bendämi Jennete äkidiň - diýer. Bu gezek perişdeler ara girip:
- Eý Rabbimiz, bu bendäniň şu günäleri işländigini Siz özüňiz bilýärsiňiz - diýerler. Allahutgala bu gezek olara şeýle jogap berer:
- Hawa, şeýle welin, ol Muhammet ymmatyndan bolan gojanyň agaran saçyna-sakgalyna seretdim, aýybyny, günäsini ýüzüne urup, ony utandyrmakdan haýa etdim.
Bu habary Jebraýyl periş­de Pygamberimiz sallal­lahu aleýhi weselleme ýeti­rende, rehim-şepagat we haýa nus­gasy Serwerimiziň gözle­rine ýaş aýlanýar we şeýle ybratly sözleri aýdýar:
- Allahutagala ymmatymyň aksakgallaryna azap etmekden haýa edýär, emma ymma­tymyň aksakgallary günä işlemekden utanmaýarlar. (Kenzül-Ummal).
Категория: Halk döredijiligi, rowaýatlar | Просмотров: 66 | Добавил: Pero | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 2
avatar
0
1 Pero • 07:56, 31.05.2023
Gürrüñsiz dogry,sapak alarlyk rowaýat,emma...Emma göwnüme bolmasa,gaty eserdeñlik bilen,inçelik bilen adamy arkaýynlaṣdyrýan ýalymy? Göwnümedir-le...
avatar
0
2 Мango • 13:08, 31.05.2023
Allah haýa edýär: bendesiniň günäsini ýüzüne urup, ony utandyrmakdan...
Pygamberimiz haýa edýär: haýa etmeýän ymmatyndan...
Biz: haýadan binesip bir bolmawereli. Men: haýadan binesim bir bolmawereýin...

bu ýatlatmalar üçin Pero hanyma minnetdar.
avatar

uCoz