MENU

16:42
Alysdaky öýjagaz

ALYSDAKY ÖÝJAGAZ

Depäñ eteginde
Öýjagaz otyr.
Her säher geçemde
Uly köçeden
Pessaýja aýdymy
barýarkam diñläp
aýnasyndan
gaty barýan maşynyñ
gözüm düşse
tukat otyran jaýa
göwnüme düşnüksiz
duýgy getiren.
Şol öýjagaz
Del öýjagaz
Öýjagaz.

Uzyn-uzyn derekleriñ içinde
Ak üçegi,ak diwary
Jyklaýar.
Uzaklardan şol
özüne çekip dur.
Tukatja öýjagaz
Ýa ol ýatlamam
Şol öýjagaz
Öýjagaz.

Oña baryp görmek
Höwesim ýok däl.
Ýöne weli
Her gez
bir zatdan gorkýan:
şeýle uzak wagt
Özüne çeken
Syrly görnen
Agras görnen
Öýjagaz
Birden
Boş çykaýsa
Dereksiz bolsa
Öñkiler deý
Çekmän dursa özüne
Näderin men
Men näderin
Näderin
Öýjagaz?!

Iñ gowusy
Alyslardan
synlamak
Arzylanym
Elýetmezim
Öýjagaz!

© Meñli AŞYROWA
Категория: Goşgular | Просмотров: 108 | Добавил: Medicall | Теги: Meñli Aşyrowa | Рейтинг: 5.0/2
Всего комментариев: 1
avatar
0
1 Мango • 21:46, 11.03.2023
Bu goşgy bir zatlary ýada salýa, ýöne anyk bilemok…
Syr saklamak meselesi bar kä bir derejelere çykanlarda. Rowaýat öýdýän, bir gul gündizleri hojaýynyna işläp, gijelerem gizlin ybadat edýän eken. Bur gün hojaýyny muny bilýär we haýran bolup, ony azat edýär. Şonda gul gizlin ybadatym paş boldy, indi syrym galmady… diýen ýaly sözler diýýär. We, bilemok… ölýär öýdýän, ýaşaýşyň manysy ýok diýen ýaly….
Bu rowaýat.
Meňli hanymyň ol syrly jaýa baryp görmäge gorkýanlygyna düşünýän.

Oña baryp görmek
Höwesim (bar)
Ýöne… gorkýan:
Syrly
Agras
Öýjagaz
Birden
Boş çykaýsa
Dereksiz bolsa
Näderin men
Men näderin
Näderin
Öýjagaz?!

Iñ gowusy
Alyslardan
synlamak
Arzylanym
Elýetmezim
Öýjagaz!

—-

Üstünlikler Meňli hanym.
Kä zatlar syrly bolsa, syrly galsa kem däl.
avatar

uCoz