MENU

14:49
Anna Karenina


«Meniň näme üçin gelýänimmi? — diýip,
Wronskiý onuň gös-göni gözlerine seredip
gaýtalady. — Men siz nirede bolsaňyz, şol ýerde bolmak üçin gelýärin. Men başgaça bolup bilmeýärin...»
Lew Tolstoý
«Anna Karenina».

Ana, saňa gerek bolsa!
Sorap nätjekdiň diýsene?!
Erke zabt eden sözlere
erediň, diýseň-diýmeseň.

Ol sözleri her kim, her çag
Eşidip baranok, Anna!
Bolup gelşiňe çydaman,
Gygyrdy parawoz, Anna...

Ah, ol sözleriň howruna,
Doňak gyşam eräp barýar...
Bar zat gulaga öwrülip,
Saňa tarap ýöräp barýar.

Syrly salgym deý aňymdan
Pasyrdap gelşiň, neneňsi!
Öz-özüňe öz ýanyňdan
Pyşyrdap gülşüň, ne geňsi?!

Otly,
menzil,
ýolagçylar
Seň üçin ýok ýaly, Anna!
Tolgunýaryn...
Beýle söýgiň
niçik bor ykbaly, Anna?!..

...Tolstoý bilen seň eliňde
Galan zatlar romandaky.
Aýt, men kimden öýkelärin,
Çykmasa meň tamamdaky?!

Aýgül BAÝADOWA
Категория: Goşgular | Просмотров: 128 | Добавил: Aygul | Теги: Aýgül Garaýewa | Рейтинг: 4.9/7
Всего комментариев: 0
avatar

uCoz