MENU

11:56
Arman


Çildiñ gitdiñ ýüregimi,
Dünýäniñ düzüw mahaly.
Yşk kör etdi garagymy,
Dünýämiñ düzüw mahaly.

Nepesimden ýakyn saýyp,
Möhürledim keşbiñ kalba.
Oda düşdüm gökde gaýyp,
Bişeninde gyzyl alma.

Eñegimiñ köse wagty,
Ýañagym gyzartdy söýgi.
Arzuw bilen ekdim bagty,
Harmanymda gussa, görgi.

Gör nähili jepakeşdim,
Ömrüm paýlap ýyllaryma.
Ýalñyzlygy jeza kesdim,
Senden aýran ýygralygma.

Wagty yza dolap bilsem,
Kalbymdaky gül solmazdy.
Göwün syrym çözlän bolsam,
Belki senem dul galmazdyñ.

© Süleýman TEKÄÝEW
Категория: Goşgular | Просмотров: 142 | Добавил: Hyýalbent | Теги: Süleýman Tekäýew | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 3
avatar
0
1 Seýrаn • 00:30, 13.07.2024
Erbet däl eken. Temasy köneräk. Şeýle goşgular eliňi we diliňi öwrenişdirýär. Nesip bolsa gowja we ähmibetlije temalara ýüzlenersiň. Üstünlik.
avatar
0
2 Hyýalbent • 11:43, 13.07.2024
Goşgyñ ýazylanna köpräk wagt geçipdi täzeden işläp goýupdym. Seýran aga pikirlerñize minnetdar ýenede teswirlerñize garaşýan! Öz üstümde işläp gözlegde bolaryn.
avatar
0
3 Seýrаn • 12:00, 13.07.2024
Öz üstüňde işlemegiň iň aňsat tarapynam aýdyp geçeýin: okamak!
avatar

uCoz