MENU

02:27
"Armanym"


Ikimiz şeýle bir hiññildik uçdyk,
Hiñlenişdik aýdym aýdýan şemala.
Meýmirän güllere gonup hem uçup,
"Armanym" -a tans oýnady perwana.

Ýalñyzlygmy duýmadymam bir salym,
Tebigatyñ zere çümen paslynda.
Iş, aladañ için ýakyp, eý aman,
Ganat ýaýdym guşlar kimin asmanda...

Sen meni tanadyñ ýylgyryşymdan,
Men seni tanadym merdemligiñden.
Söýgim buldurady gözýaşlarymda--
Uçmah ysyn berip gerdenleriñden.

Behişt güli, galsamda men ýat bolup,
Yşk badasyn öwran içen ýaly biz..
Bir salym birikdi ýerden bat alyp
Ýigrimimde aýra düşen ýolumyz...
Категория: Goşgular | Просмотров: 141 | Добавил: Medicall | Теги: Nurdan | Рейтинг: 4.0/4
Всего комментариев: 2
avatar
0
1 Pero • 10:52, 29.09.2023
Gowy goṣgy eken,ayaldogan! Duýgyñy galam edip surat çekiṣiñi haladym. Ylham atyñ "Çüw"-läp dursun!
avatar
0
2 Medicall • 00:07, 30.09.2023
Sagbol, aýaldogan))
avatar

uCoz