MENU

19:31
Arzuw
Arzuw
Hazan ýeli çalan aňzak roýuňa,
Gülüp gelen gülli ýazyň bolaýyn.
Gamly pikirleri ýygsaň oýuňa,
Şatlygy çagyrýan sazyň bolaýyn.

Çarhypelek göwnüň kimin gelmese,
Tamalaryň güneş kimin gülmese,
Ýalňyz köňlüň bir sonarlyk islese
Ýaşyl kölüň, guba-gazyň bolaýyn.

Ýörejek ýoluňa gül sepeýinmi,
Bulutlardan diläp nur seçeýinmi
Göwnüňden uçuran kepderleriňi,
Yzyna dolajak ýaňyň bolaýyn.

Tümlüge gol beren yşsyz dünýäňde,
Şugla saçyp durjak aýyň bolaýyn.
Bir pursatlyk salgymlara güýmenme,
Uzat eliň, höwür taýyň bolaýyn.

Bagtygül Tekäýewa
Категория: Goşgular | Просмотров: 66 | Добавил: Bagty | Теги: Bagtygül Tekäýewa | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 1
avatar
0
1 Мango • 10:33, 04.12.2022
Bagtygül hanymyň gowja deňeşdirmeleri bar eken.
ýöne:

Göwnüňden uçuran kepderleriňi, 
Yzyna dolajak ýaňyň bolaýyn. 

-diýende ol uçan kepderiler ýaý bilen yzyna dolanjak bolsa, kepderiler ýa ýaradar bolar, ýa-da jan berer.
avatar

uCoz