MENU

17:37
Arzuw
ARZUW

Açyñ göwnüñiziñ gülli aýnasyn,
Bilbil gülleñ müşk ysyndan doýmasyn,
Çekiñ ömrüñize yşkyñ gaýmasyn,
Ýazlar bolup söýgi bilen ýaşañ siz!

Ykbalyña düşüp magşugyñ keşbi,
Duýgy möwç uranda dörärmiş goşgy,
Mukama öwrülip aýnadyp yşky,
Sazlar bolup söýgi bilen ýaşañ siz!

Bir gezek gelinýän uly dünýäde
Ahyr barjak ýeri birdir hemmäñde,
Kalby ynjytmañda, göwne degmäñde
Näzler bolup söýgi bilen ýaşañ siz!

Ýürege bararmyş ýürekden gaýdan,
Gör,sözde gudrat bar Keremden gaýdýan,
Muny çyn ýürekden syzdyryp aýdýan,
Ömür baky söýgi bolup ýaşañ siz!

2010 ý.
Категория: Goşgular | Просмотров: 94 | Добавил: Medicall | Теги: Nurdan | Рейтинг: 4.0/3
Всего комментариев: 1
avatar
0
1 Medenýet • 13:36, 25.01.2023
Gowy arzuwlar.2010 ýylda ýazylan goşgy eken ýakynda gazetde okapdym
avatar

uCoz