MENU

14:36
Arzuw

ARZUW

Pursatlaň gulpuna baglanyp galdy
Armanlarmyň nepesine miýmiräp.
El uzatsam,boşluk gurşar aramyz,
Ho:ol ýanda duransyň gyz deý sülmüräp.

Aý bolup bakarsyň käte asmandan,
Kä sönen ýyldyz deý gaýyp bolarsyň.
Tutuş süňňüm elegiňden geçirip,
Umyt-ynamymy süzüp alarsyň.

Ýene bir gün Kuýaş bile dogarsyň
Dünýäme öz dünýäň ýalkymyn saçyp.
Kä zülplerim oýnap,özüň güjeňläp,
Gidersiň şemal deý deňimden geçip.

Dünýämde gök gürlär,ýyldyrym çakar,
Gözlerim çydaman döker ýagyşyn.
Elimden sypar-da asmana uçar
Yzyna seretmän köňlüm – ak guşum.

Uç,guşum,ganat ýaý,bakma yzyňa,
Süýşýän bulutlaryň başyn çekiber.
Degmese degmesin eýäňe nepiň,
Göwünlerde umyt şemin ýakyber.

2015 ýyl

© Meňli AŞYROWA
Просмотров: 120 | Добавил: Pero | Теги: Meñli Aşyrowa | Рейтинг: 4.0/3
Всего комментариев: 4
avatar
0
1 Seýrаn • 08:45, 03.02.2024
Umuman eliňi türgenleşdirmek üçin ýazanyňa meňzeýär. Içinde ýyzzyl ýok eken.
avatar
0
2 Pero • 09:07, 03.02.2024
Gönüñizden geleniñiz ün sagboluñ!
avatar
0
3 Seýrаn • 09:24, 03.02.2024
2015-nji ýyly gowşaklygyny özüňizem kabul edýäniňiz üçin ýazypsyňyz.
avatar
0
4 Pero • 20:31, 03.02.2024
Aý ýok,men beýle diýmedim. Öwülsemem,döwülsemem anyk netije hökmünde kabul edemok. Her kim öz şahsy pikirini ýazýa. Şol bir pikiri köpçülik bir agyzdan goldasa,ol eýýäm başga gürrüň.
avatar

uCoz