MENU

02:33
Arzuwñy satma!.
ARZUWÑY SATMA!.

Satmañ arzuwñyzy, geçmäñ siz ondan,
Siz olary umyt bilen suwaryñ,
Her pursatda sabryñyza ýapyşyp,
Şükürñize guwanyñ!.

Ömür geçmez kynçylyksyz, ajysyz,
Süýji günler az bolýar-a bolmanam,
Bu durmuşda gyt zatlaryñ gadry kän,
Bolýa-la...

Düşünýärmiñ?,
Düşünje kän pikir köp,
Han-ha seret ýyldyzlardan mysal al,
Içiñden geçse-de gussañ peýkamy,
Bildirmesin mysalañ.

Ýüregiñi aýa, hassalanmasyn,
Garalyk ýokmasyn, güman sygmasyn,
Boljak zatlar bolup dur-a şonsuzam,
Öñden syzmasyn.

Bir maksada dañyl, ýaşaber gülde,
Daşyñdan geleni içiñe atma,
Söwdasyn ediber söwdaly zatlañ,
Arzuwñy satma!...

© Baýram BEJIDOW
Категория: Goşgular | Просмотров: 95 | Добавил: @Baýram_Bejidow | Теги: Baýram Bejidow | Рейтинг: 5.0/3
Всего комментариев: 3
avatar
0
1 Medicall • 11:46, 08.11.2023
5-lik goyyan bu goşga!
Ajaýyp! (bolar-a şeýdip "aglaman" ýazmagam)
avatar
0
2 Мango • 12:17, 08.11.2023
umuman, goşguda optimistik howa duýulsa-da ikinji kupletinde "Bolýa-la..." diýip tas pessimizde geçjek ýaly edýär. :-)
avatar
0
3 Medicall • 12:38, 08.11.2023
"bolýa-la" ýaljak biparhlygykmy ýa göwünçökginlikmi?! onsunam düzedermika diyip umyt edýäs şeydip "ýüregiñi aýa" diyip başlan bolsa:)
avatar

uCoz