MENU

23:22
Aşgabat
AŞGABAT

Ak bagta badalga gunduz binalaň,
Arşyň nury gözellikden paý saňa.
Al süýt kimin aklygy ak sabalaň,
Bolubilmez asyl-asyl taý saňa,
Seni gören şahyr bolup,
Gürläberer goşgulap,
Aşgabat!

Arkadagyň ylhamyndan dörän sen,
Arzuwly ertekä meňzeýäň aşa.

Aýdym tapar ak ýoluňdan ýöränler,
Aşyklaryň yşgy getirer joşa.
Çünki sen söýgüsiň,
Dälsiň başga zat,
Aşgabat!

Baglaňda bilbilleň ajap mesgeni,
Mukamyndan bahar geler heýjana.
Asmana göterler çaga sesleri,
Watan beslenende şöhrata-şana,
Şükür iller aman,
Ýurdumyz abat,
Aşgabat!

Penjireden ak durnalar bakanda,
Toýnuk gurap, buşlap ajap çagyňy,
Ýene-de aýdymlar joşar jahanda,
Wasp edip Diýary, Arkadagyňy,
Muňa pasyl gonar,
Sazy keşdeläp,
Aşgabat!

Ene ýerde sadap monjuk hamala,
Dür kysmy kamatyň gözleriň nury,
Şan getirip bu berkarar zamana,
Uzasyn eýýama ak ýollaň ugry,
Sen bilen türkmeniň,
Kalp köşgi abat,
Aşgabat!

© Gülşirin HANOWA
Категория: Goşgular | Просмотров: 138 | Добавил: Medicall | Теги: Gülşirin Hanowa | Рейтинг: 3.5/2
Всего комментариев: 8
avatar
0
1 Мango • 00:19, 25.05.2023
Aşgabadyň 1881-de düýbi tutuldy diýolar…
avatar
0
2 Pero • 08:11, 25.05.2023
Hawa ilki Pol
taradskiy diyip atlandyrykan eken. Ṣu wagt yazyp otyrkam üns berdim,Poltaradskiy kim bolupdyr gyzyklanmandyryn,bilyanler bilmeýänlere aytsa nr gözel bolardy
avatar
0
3 Pero • 08:17, 25.05.2023
Yogsa-da komment yere telden surat ýükläp bolyamyka?
avatar
0
4 Мango • 11:01, 25.05.2023
Павел Герасимович Полторацкий (1888, Новочеркасск — 22 июля 1918, Мары) — советский государственный и партийный деятель, активный участник Октябрьской революции в Туркестане, казнённый восставшими эсерами в Мерве.

Bolşewik, rewolýusioner.

1919 - 1927 aralygynda Aşgabat şäherine onuň ady dakyldy.
avatar
0
5 Мango • 11:37, 25.05.2023
şäherleňki tapawutly öýdýän.
garradygyça gözelleşýär.
olaram adam ýalymyka, gazanýaram, ýitirýärem....
käwagt aşgabadyň ýitirenlerini ýatlaýan...
magtymguly-ostrowsiý krugdaky (30-njy mkr) eli çaşkalyja oglanjykly fontan - göresim gelýänlerden biri...
avatar
0
6 Мango • 11:43, 25.05.2023
avatar
0
7 Pero • 14:17, 25.05.2023
Sagbol Mango kaka!
avatar
0
8 Pero • 14:22, 25.05.2023
Aýymaklaryna görä,köne ýerleriñ energiýasy güýçli bolýan eken.
Bu belki-de ol ýerlere birnåçe ykballaryñ,ýatlamalaryñ dûṣläp geçýändigi sebäplidir. Täze salnan köṣke garanyñda külbe bolsa-da köne ỳerdäkisi has özüne çekýär.
avatar

uCoz