MENU

22:39
Asman düzlüginde çapyşyp...
Asman düzlüginde çapyşyp,
Çakyşyp,
Kowalaşan bulutlar,
Agsaklaşyp,
Aryp, gele-gelmäne,
Zeminiñ üstüne derin seçdiler.
Men bolsa, şol ýagýan çagbañ astynda
Garaşýaryn,
Wada beren söýgime,
Ezilip başlanda zeminiñ üsti,
Kalbyma ot salan zeleliñ üsti.
Uçradyp...
Owradyp,
Syzlap duýduran
Kebzämi sançgylan
Ýaşlyk söýgime.
Garaşýan...
Bagta gulaçlan,
Hyýalymyñ şirwaz perdesin çalyp,
şadyýanja hiñlenýärin aýdyma,
Gözimiñ içi umytdan doly,
Lowlap duran ot bolup,
Garaşýan...
Bugaryp başlapdy saçym,
Ýanardagyñ magmasy çogup,
Dilimden paýyş sözler bilen bezelip,
Daşymdan hüñürdi,
Içimde ýalyn...
Gelmedi...
Ondan bäri geçipdir,
Tas kem çärýek asyrym.
Käte ýatlaýaryn,
Sypap asfalta öwrülen başym...

© Remezan MÄMETGURBANOW
Категория: Goşgular | Просмотров: 83 | Добавил: Kyyas | Теги: Remezan Mämetgurbanow | Рейтинг: 1.0/1
Всего комментариев: 2
avatar
0
1 Medicall • 01:09, 09.02.2023
Bir goşgyny-ha ýadyma saldy, aýtjak däl ýöne kimiň goşgusynydygyny,(dogry düşüniň: plagiat diýjek bolan däldirin, diňe bir goşgyny gowy görüp, öz döredijiligiňde synanyşyp görjek bolupsyňyz, bu erbet däl,gowy ýagdaý) nähili-de bolsa awtorda täzeçillige çyny bilen ymtylyş bar. Özem şu stile ýykgyn edýäniňiz, metafora ulanjak bolşuňyz hiç neneň däl. Haladym goşgyny umumy manyda..

goşguda gelşirip bilmedik ýerlem: bulutlaň agsaklap gelip drini saçmagy. şeýle sorag döretjek boýar şol ýeri: bulutlar agsaklap özi ýere düşdimikä?

gözümiň içi umytdan doly? bu ýerem gözümiň içi birhili ýöntemmi, ýa aşa ýuwanmy bir zad-a ýetenok ýaly şol ýerde..
avatar
0
2 Kyyas • 03:12, 19.02.2023
Agsaklaşyp gelmek ýagny, ýagyş ýagýan bulut uzakdan seretseñ garalyp ýere süýrenip gelýän ýaly. Şony gözöñüme getirdim, gözümiñ içi umytdan doly bu aýdanyñyz gowy boldy, hakykatdanam ýuwan eşdilýär ýada manysyny ýitirýän ýaly... Minnetdar! Düzedişiñize
avatar

uCoz