MENU

13:17
Asman meniň saýawanym
ASMAN MENIŇ SAÝAWANYM

Gar ýagýar,
agarýar dünýäniň reňki,
Asman saýawanym ygally günler.
Ýagyş-garda maňa busma gerek däl,
Goý, ýagsyn üstüme ap-ak gar güller.
Çünki gar meňki.
Trolleýbus meňki,
awtobus meňki,
Gar geýinen şäher meňki durşuna.
Men gözümiň röwşenini siňdirýän,
Oňa buýsanç bilen garap barşyma.
Hol ýykylan çagajygy diňdirýän,
Soň boýna mündürýän,
keýp edýär ýaňky.
Onuň menden sähelçejik beýgelen
Beýikligi meňki
Hem keýpi meňki.
Duralgada duran şol gyz meňki däl,
Meňki bolmanda nä ýaňagy meňli.
Lak atýaryn,
ol mylaýym ýylgyrýar:
Diýmek, gül ýüzdäki ýylgyryş meňki.
Gar ýagýar,
gyzarýar gözelleň meňzi,
Özgerýär ak zemin,
Hiç zat öňki däl.
Bu gün bu dünýäde ähli zat meňki,
Diňe,
diňe,
diňe özüm meňki däl.
Категория: Goşgular | Просмотров: 81 | Добавил: Bagabat | Теги: Nobatguly Rejebow | Рейтинг: 5.0/3
Всего комментариев: 2
avatar
1
1 Pero • 18:55, 03.12.2022
Hemme zady özüñe alanam bolsañ özüñ özüñki däl wagty,diýmek hiç zat señki däl...hawa bize hemme zat amanat...
avatar
0
2 Мango • 09:43, 04.12.2022
Şeýdip okaýmasak, ýöriteläb-ä okamyzok (okamok).
gowy goşgy eken.
ähli zadyň seniň üçin ýaradylandygyny bilmek gowy.
seniň özüňem seniňki däldigiňi bilmek öte gowy.
—-
trolleýbus…
küýsäp gitdim özüni, şahynyň simden sypyşyny…
Magtymguly prospektinden şolary taryhy nastolgiýa hökmünde ýekeje liniýa işledäýmelem ekenler. Stambulda-da taryhy gyzyl trambaý gatnaýar.
ýöne, Gurbansoltan, Görogly, Andalyp köçelerinden metrobus liniýasyny göýbermegiň pikirini edip bolar. Aşgabada gerek indi metrobuslar.
avatar

uCoz