MENU

00:23
Asman neçüýn beýle zaryn aglaýaň?
ASMAN NEÇÜN BEÝLE ZARYN AGLAÝAÑ?

Asman neçün beýle zaryn aglaýañ?,
Ne-hä gije diñýäñ, ne gündiz diñýäñ,
Gussalarma gussa goşup hamala,
Daman her bir damjañ gursagma siñýär.

Bulut bilen büräp dursuñ depämiz,
Ýaz ýagşydyr goýar diýdik goýmadyñ,
Ýa-ha seniñ asyl goýma netiñ ýok,
Ýa-da toprak señ suwuñdan doýmady.

Ýuwmakçymyñ ýalan doly zeminiñ,
Kir-kimirli keleplerniñ ählisin,
Aýt, eger-de şeýle bolsa niýetiñ,
Menem goşant goşardym-a ähbetin.

Her bir sözler barar ýaly gursaga,
Peýkam etdim elimdäki galamdan,
Senden bir dogrulyk eşidäýmesem,
Gulagymam poslaşyşypdyr ýalandan.

Dursana eý asman gürleş meñ bilen,
Soraglarym kän ahyry diñleseñ,
Ikimiziñ söhbetimiz özgeler,
Eşitmesin,diñlemesin, bilmesin.

Ah bilýäñ-ä senden başga dostum ýok,
Syryñ berseñ dost diýenleñ aldaýar,
Dyngy bermän ýagyp dursuñ her wagt,
Asman neçün beýle zaryn aglaýañ?!...

© Baýram BEJIDOW
Категория: Goşgular | Просмотров: 123 | Добавил: @Baýram_Bejidow | Теги: Baýram Bejidow | Рейтинг: 5.0/2
Всего комментариев: 1
avatar
0
1 Мango • 16:47, 07.05.2023
Aýt, eger-de şeýle bolsa niýetiñ,
Menem goşant goşardym-a ähbetin.

“ahbetin” diýilse “goşardym-a” gerek däl ýaly ýalymy?
Has dogrusy “-a” gerek däl. Menem goşant goşardym ahbetin - dogry ýaly.
“goşardym-a ahbetin” - bolmyýa.
***
Her bir sözler barar ýaly gursaga,
Peýkam etdim elimdäki galamdan,

Galamdan peýkam etmek - ýene-de bulaşdyrýar.
“Galamymy peýkam etdim” diýilse dogry…
***
Dursana eý asman gürleş meñ bilen,
Soraglarym kän ahyry diñleseñ…

Asman bilen gürleşmek üçin ony işinden saklamalymy, duruzmalymy?
Ol ýagyp durka gürleşseňem diňlärle…

Baýram kaka, üstünlikler saňa!
avatar

uCoz