MENU

23:19
Atalar ýaş ölýär

ATALAR ÝAŞ ÖLÝÄR

Şeýle bir tiz geçýär arzyly bahar,
Arzyly güllerem diýseň tiz solýar
...Biz olara uzak ömür dileýäs,
Atalar ýaş ölýär,
Örän ýaş ölýär.

Ilkinji perzendi inensoň dünýä,
Müňläp duýgy peýda bolýar olarda.
Aýy-güni ölçeglidir ölçegli,
Her sagady geçýär aladalarda.

Birje zady peşgeş berse ogluna,
Ikinji sowgada ýetişmän galýar.
Şeýdip köýüp gidýär ýüzläp posalar,
Atalar ýaş ölýär,
Örän ýaş ölýär.

Ogul jahyl çykyp, murty tabanda,
Ýene-de böwürde köpelýär sanjy.
Kä şirin arzuwlar ganat beklese,
Käte-de olary ýatyrmaz ünji.

Begenerler seň ýönekeý ýeňşiňe,
Büdreseň, ýüregne gyzyl ot salýar.
Käsi agtyklarnam görüp bilenok,
Atalar ýaş ölýär,
Örän ýaş ölýär.

Ogullaň sakgaly dönüp ak gara,
Hataryň ýaşulsy bellenen wagty.
Atalar şonda-da çaga saýýandyr
Diýer körpämiziň açylsyn bagty.

Ýadanoklar, mydam akyl berýärler,
Ýene aýdylmadyk sözleri galýar.
...Ýüz ýylyň gyşyny gyşlan bolsa-da,
Barybir atalar örän ýaş ölýär.

© Italmaz NURYÝEW

Surat: Jamaleddin Toomajnia (Eýran, Türkmensähra)
Категория: Goşgular | Просмотров: 77 | Добавил: Мango | Теги: Italmaz Nuryýew | Рейтинг: 5.0/2
Всего комментариев: 4
avatar
0
1 Medicall • 14:22, 20.02.2023
Bu gün Italmaz Nuryýewiñ doglan güni ekeni, bu post agśam açylypdyr, onda-da ýokarda goýaýdym. Ruhy şat bolsun! Razy bolsunlar bizden. @ Mango, Sizem Alla ýalkasyn!
avatar
0
2 Medicall • 14:24, 20.02.2023
Inni surot barada :) - - birhiljesine ystraşny bolup duran yaly bolup durlamy nammi penjireden seredip ikisem..))
avatar
0
3 Мango • 00:25, 21.02.2023
suwrat warada.
bi türkmensähraly ýomut dädeleň öňündäki aýallaň köýneklik matasyndan gyrkyndy (gykyndy) nämäni aňladýaka?
saçak ýaly millilikmi-kä ýa?
arka fony haladym.
sary jokrama tomus yssysy we sag tarapdaky gök öwüsýän uzyn ikindi kölegesi.
umumanyndan suwrat nejis däl.
avatar
0
4 Medicall • 06:45, 21.02.2023
))
avatar

uCoz