MENU

08:24
Awaranyň ahwaly
AWARANYŇ AHWALY

Maňa bulgur beriň!
Şerap äberiň!
Püre-pürläp “ot bereýin” içime.
Serhoş bolup guduzlaýyn,
Ha:tamça
Bar-ýogumy eçileýin geçene.

Eçileýin gözümi,
Eçileýin sözümi,
Eçileýin ýaşalmadyk ýaşymdan,
Ýüregimiň abat galan ýerlerin...
Barjasyny dumly-duşa paýlaýyn,
Soň açylyp, erkeklerçe “ses edip”,
Umytlarmy jaýlaýyn...

A soň gideýin-de, aldawaç dünýäň
A:ly hakda hat ýazaýyn atama.
Üşeden panydan gaçyp, dowzahda
Hezil edip çoýunaýyn hatama...

11.04.2023ý.

Çeşmesi: https://biz.islenen.ru/23627-awarany-ahwaly.html. 12.04.2023ý.
Категория: Goşgular | Просмотров: 86 | Добавил: Bagabat | Теги: Sapa Hommadow | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 2
avatar
0
1 Aygul • 12:00, 12.04.2023
Öz-özůňi ýakyp, "ýakdylar meni" diýjek-dä, garaz?!
avatar
0
2 Мango • 12:39, 12.04.2023
gowja ahwalyň soňuny bulaşdyrdy-da Sapa kaka.
"...dowzahda hezil edip çoýunaýyn hatama..."
:-) o ýer çoýunulýan ýer-ä däldir.
hatalar ýuwulýar, ýuwup ýetişmeseňem oda tutup aýyrýalar.
avatar

uCoz