MENU

21:47
Awtobusda...
ABTOBUSDA...

Köp ýyldan soň...
Bu gün seni öýlände,
Gördüm awtobusda şagla geýimli.
Ýanyňdaky ýigde nazar aýlamda,
Kirpiklerim derhal ýaşa ezildi.

Başym sypan ol näzijek elleriň,
Ýanyňdakyň gollaryndan tutup dur.
Mähirli hem nurdan doly gözleriň,
Ol oglanyň didaryna bakyp dur.

Öň gaýtalap ýören süýji sözlermi,
Aýdýar ezizime gülüp,
diňledip.
Bir örülen şamar gara saçlarňy,
Sypaladýaň arasynda elledip.

Bolup durşuň görüp henizem ynan,
Utanjymdan köpçülikde gizlenýän.
«Bu bolýan zatlaryň ählisi ýalan!»
Diýip, çendan öz-özüme ýüzlenýän.

Aljyraňňy,
howsalaly görünýän,
Agras basýan her bir ätjek ädimi.
Ýüregimem germest atýar,
urunýar,
Gaýtalap içinden eziz adyňy.

Awtobus haýallap saklady badyn,
Gol tutuşyp birdan düşüp gitdiňiz.
Ýüregimde ýakyp aýralyk odun,
Ýuwaşşadan ýöräp gözden ýitdiňiz...

© Baýramberdi GELDIMYRADOW 20.04.2021ý
Категория: Goşgular | Просмотров: 86 | Добавил: BayramberdiGeldimyradov | Теги: Bayramberdi Geldimyradow | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 1
avatar
0
1 Mekan • 22:59, 18.01.2023
Aýdýar ezizime gülüp,
diňledip.
Bir örülen şamar gara saçlarňy,
Sypaladýaň arasynda elledip.

Diñledip-allap diýen ýaly-da
Elledip- bir tüýsli öz-ä.

Bolup durşuň görüp henizem ynan,
Utanjymdan köpçülikde gizlenýän.

Olar utansyn köpçülikde bolup duruşlaryndan, sen nämä utanýañ. Ya ogry utanmaz, üstüne gelen utanarmy
avatar

uCoz