MENU

00:31
Aý dolansoň ýaşyp başlaýar

AÝ DOLANSOŇ ÝAŞYP BAŞLAÝAR


Penjireden dolan Aýyň bakmasy,
Meňem oňa şahyrlarça seretmäm...
Bu gije owadan asman sahnasy,
Kofe süzýän şekerini eretmän.

Kagyz. Galam. Kofe. Ýürek melhemi.
Düşün, läläm, men mert bolup ýadadym.
Gel, otur gaşymda hem diňle meni!
Aslynda, näme-kä meni ýadadan?!

Barha golaýlaşýar sensiz geljegim,
Belki, şodur göwni salýan dowula.
Özüm hakda diňe diýip biljegim,
Ölmesem başymdan bar zat sowular.

Razy, menli günleň hoş geçen bolsa,
Kim ömür sürüpdir perişde bolup.
Geçenleri ýatlamaga çen bolsa,
Geljegiň gaýgysyn aýraly ýolup.

Biz solar öýtmändik arzuwlaň reňki,
Söýgi üçin köp zatlara taýyndyk.
Arzuw-hyýallaram däl indi öňki,
Olaň ýerin tutup barýar kaýyllyk.

© Seýitmyrat GELDIÝEW
Категория: Goşgular | Просмотров: 146 | Добавил: Мango | Теги: Seýitmyrat Geldiýew | Рейтинг: 5.0/2
Всего комментариев: 3
avatar
0
1 Kyyas • 02:42, 22.02.2023
Başgada goşgulary ýokmuka...
avatar
0
2 Мango • 12:44, 22.02.2023
surat barada:
penjireden aňyrsy "Mir"-lere meňzeýärem.
bu jaýda ýaşaýanlar ýamman agzybir ken.
hemmesiniň lämpiçkeleri sary yşyk saçýa, agzybirlik bilen bir marketden bi markadan alypdyrlar...
käş-kä iki-ýekesi ak lämpiçke daksadylar.
dostumyzyň çilim-ä bet ken.
ýöne, çilimini edil kofäň üstüne goýmaly däl ken...
avatar
0
3 Antiwirus • 16:12, 16.03.2023
Ak lämpiçke soň çykypdyr oňler hemmäň lämpiçkesi meňzeş bolýan.gadym döwürde çekilen suratdyr.
avatar

uCoz