MENU

00:52
Aýdasym gelýän sözlerim
AÝDASYM GELÝÄN SÖZLERIM

Hiç wagt aýtmadyk sözüm däl,
Aýdasym gelýän sözlerim,
Saklanylmady dözülmän,
Aýdasym gelýän sözlerim.

Aýdyp bilmänmi bilýän-le,
Her kim özüni diňlände,
Utanyp, galdy dünýämde,
Aýdasym gelýän sözlerim.

Şatlykdan köp nadyllygyň,
Göwnüm, göwnüm ýadyňdamy,
Tagamlydy dadylmady,
Aýdasym gelýän sözlerim.

Nadana sögmeli wagtym,
ýuwutmagy saýdym bagtym,
Armanynda galdy nagtyň,
Aýdasym gelýän sözlerim.

Mydam däl, ýöne galaba,
Dodaklam boldy ýalama,
Ornun berende ýalana,
Aýdasym gelýän sözlerim.

Heser bolup körügende,
Gözýaş bolup syryganda,
Kän garaşdy buýrugyma,
Aýdasym gelýän sözlerim.

Naşy göremsoň dözlerden,
Gizledim yşkly gözlerden,
Ýitirdim (häzir gözlegde),
Aýdasym gelýän sözlerim.

Bagtly edip biljekdiler,
Göwnüm açyp, güljekdiler,
Aýdarmykam geljekde men,
Aýdasym gelýän sözlerim.
Категория: Goşgular | Просмотров: 54 | Добавил: Medicall | Теги: Aşyrmät Garly | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
avatar

uCoz